Samsung

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Afişa
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Jeff Bezos täze «Project Prometheus» EA-startapynyň direktory bolar

18.11.2025|11:30|
130
jeff-bezos-taze-project-prometheus-ea-startapynyn-direktory-bolar
Surat çeşmesi: 3D-news

«Amazon» kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos emeli aň ulgamy bilen bagly täze wezipä bellendi. Has takygy, ol özüniň ýygy-ýygydan maliýeleşdirýän «Project Prometheus» startapynyň direktorlarynyň biri bolar. Kompaniýa hasaplaýyş ulgamlarynda, awtoulag senagatynda we aerokosmos pudagynda önümçilik proseslerini kämilleşdirip biljek EA-tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak bilen meşgullanýar.

«Project Prometheus» eýýäm 6,2 milliard amerikan dollary möçberinde maýa goýum çekdi we dünýäde özüniň irki tapgyrynda iň gowy maliýeleşdirilen startaplaryň biri hökmünde häsiýetlendirilýär. Bezos kompaniýany startapyň esaslandyryjylarynyň biri — öň «Google X-de» işlän hem-de lukmançylyk tehnologiýalary boýunça «Verily» kompaniýasyna ýolbaşçylyk eden Wik Bajaj bilen birlikde dolandyrar.

Häzirki wagtda startapda 100 töweregi hünärmen işleýär. Olaryň arasynda öň «OpenAI», «DeepMind» we «Meta» kompaniýalarynda işlän hünärmenler hem bar.

ORIENT

Jeff Bezos täze «Project Prometheus» EA-startapynyň direktory bolar