Şu gün, 17-nji noýabrda, Daşkentdäki “Kuksaroý” rezidensiýasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda dar düzümde gepleşikler geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň şu gezekki döwlet saparynyň soňky ýyllarda öň görlüp-eşidilmedik, nusgalyk derejä ýeten özbek-türkmen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmakda möhüm ädimdigi nygtaldy.

Döwlet Baştutanlary Hökümetara toparynyň we Işewürler geňeşiniň yzygiderli mejlislerini goşmak bilen ähli ugurlarda oňyn ösüşi we işjeň gatnaşyklary kanagatlanma bilen bellediler. Şeýle hem, saparyň öňüsyrasynda Ürgençde we Daşkentde üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň we kinofilmleriň görkezilişine ýokary baha berdiler, bu bolsa iki doganlyk halkyň arasyndaky ýakyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ýene-de bir gezek tassyklady.
Ykdysady görkezijilere aýratyn üns berildi. Geçen ýyl ikitaraplaýyn söwda dolanşygy 1 milliard ABŞ dollardan geçdi, bu bolsa döwlet Baştutanlarynyň alyp barýan maksada okgunly syýasatynyň gönüden-göni netijesidir. Mundan başga-da, Türkmenistanyň ulag we üstaşyr infrastrukturasynyň, hususan-da, Türkmebaşy halkara deňiz portunyň netijeliligi logistika zynjyrlarynyň ösmeginde we ýük daşamalarynyň artmagynda esasy görkeziji hökmünde kesgitlenildi.

Gepleşikleriň dowamynda özara söwdany mundan beýläk-de artdyrmak we senagat, energetika, ulag, maşyn gurluşygy ulgamlarynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak, oba we suw hojalygynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, şeýle hem sebitara alyş-çalyşlary giňeltmek üçin birnäçe ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi.
Sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, üçünji Sebitler forumyny taryhy Hywa şäherinde geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Bu bolsa iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky göni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşant goşar.
Merkezi Aziýada durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde Türkmenistanyň we Özbegistanyň bitewi çemeleşmesini tassyklaýan derwaýys sebitleýin we halkara meseleleri boýunça konstruktiw pikir alyşmalar boldy.
ORIENT
