Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin
9 — 15-nji noýabr aralygynda Türkiýäniň Mersin şäherinde Mersin munisipalitetiniň IX halkara küşt turniri geçirildi. Oňa dünýäniň 19 ýurdundan 360 sany küştçi gatnaşdy.
Aýratyn bellenilmeli tarapy, dört dereje boýunça geçirilen ýaryşyň iň ýokary — «A» derejesinde türkmenistanly halkara grossmeýster Meýlis Annaberdiýew (FIDE reýtingi 2407) çempion boldy. Ol mümkin bolan 9 utukdan 7-sini toplap, goşmaça görkezijiler boýunça eýranly halkara ussady Araş Tahbezi yzda galdyrmagy başardy. Meýlis ýaryşyň dowamynda 5 oýnunda ýeňiş gazandy hem-de turniriň iň güýçli bäşligindäki küştçülere garşy oýnan 4 duşuşygyny deňlikde tamamlady.
Turniriň «A» derejesinde üçünji ýeri eýranly Arian Golami eýeledi.
ORIENT
