Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Afişa
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Norwegiýanyň milli ýygyndysy 28 ýyldan soň ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy

17.11.2025|16:20|
1759
norwegiyanyn-milli-yygyndysy-28-yyldan-son-ilkinji-gezek-dunya-cempionatyna-cykdy
Surat çeşmesi: UA-Football

Futbol boýunça Norwegiýanyň milli ýygyndysy 1998-nji ýyldan bäri ilkinji gezek futbol boýunça dünýä çempionatynyň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek DÇ-2026-nyň Ýewropadaky toparçalaýyn saýlama tapgyrynyň soňky duşuşygynda norwegiýalylar Italiýanyň ýygyndysyny 4:1 hasabynda ýeňip, «I» toparçada birinji orny eýelediler.

Şeýlelikde, Norwegiýa 28 ýyllyk arakesmeden soň dünýä çempionatyna çykdy. Soňky gezek norwegiýalylar 1998-nji ýylda Fransiýada geçirilen dünýä çempionatyna gatnaşyp, Braziliýa, Marokko we Şotlandiýa bilen bir toparçada çykyş edipdiler hem-de ikinji orny eýeläpdiler. Emma 1/8 finalda Italiýa bilen duşuşykda 0:1 hasabynda ýeňlipdiler.

Tamamlanan saýlama tapgyrynda Norwegiýa 8 duşuşykda 24 utuk toplap, Italiýany, Ysraýyly, Estoniýany we Moldowany yzda goýmagy başardy.

ORIENT

Norwegiýanyň milli ýygyndysy 28 ýyldan soň ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy