Samsung

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Afişa
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri “Şawat-Daşoguz” bilelikdäki serhetýaka söwda zolagyny işe girizdiler

17.11.2025|13:00|
963
turkmenistanyn-we-ozbegistanyn-prezidentleri-sawat-dasoguz-bilelikdaki-serhetyaka-sowda-zolagyny-ise-girizdiler
Surat çeşmesi: president.uz

Ýokary derejeli gepleşiklerden tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew “Şawat-Daşoguz” bilelikdäki serhetýaka söwda zolagynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Bu zolagyň açylmagy döwlet Baştutanlarynyň syýasy erkininiň aýdyň we olaryň ykdysady mümkinçilikleri has netijeli peýdalanmak islegleriniň amaly netijesidir.

turkmenistan-uzbekistan-zapusk-zona-dashoguz-shavat (3).jpg

Bu zolakda harytlaryň çalt we päsgelçiliksiz hereketini üpjün edýän döwrebap infrastruktura bar: müdirligiň, gümrük, karantin, fitosanitariýa we weterinariýa gulluklarynyň ýerleşýän administratiw binalary, şeýle hem söwda pawilony we giň ammar jaýlary bar.

Bu ýerde işewürlik we raýatlar üçin amatly şertlere aýratyn üns berilipdir. Bu zolakda “bitewi penjire” ýörelgesi boýunça döwlet hyzmatlaryny, interaktiw ulgamlar, şeýle hem bank, lukmançylyk we myhmanhana hyzmatlary göz önünde tutulan.

turkmenistan-uzbekistan-zapusk-zona-dashoguz-shavat (1).jpg

Täze zolagyň işi Türkmenistanyň Daşoguz welaýaty bilen Özbegistanyň Horezm welaýatynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňelmegine gönüden-göni goşant goşar. Bu sebitler umumy ilaty 3,5 milliondan gowrak bolan uly ykdysady mümkinçiliklere eýedir. “Şawat-Daşoguz” zolagynyň işe girizilmegi sebitleýin söwdasyny artdyrmak we serhetýaka sebitlerde ýaşaýan ilatyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak üçin güýçli itergi berer.

ORIENT

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri “Şawat-Daşoguz” bilelikdäki serhetýaka söwda zolagyny işe girizdiler