Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

PETRONAS – «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» atly 30-njy ýubileý halkara maslahatynyň we sergisiniň “Göwher hemaýatkäri”

12.11.2025|17:14|
1962
petronas-turkmenistanyn-nebiti-we-gazy-2025-atly-30-njy-yubiley-halkara-maslahatynyn-we-sergisinin-gowher-hemayatkari
Surat çeşmesi: PETRONAS

PETRONAS kompaniýasy geçen üç onýyllygyň dowamynda energetika pudagynda ýetilen sepgitleri we üstünlikli hyzmatdaşlygy görkezýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» (OGT 2025) atly 30-njy ýubileý halkara maslahatynyň we sergisiniň “Göwher hemaýatkäri” hökmünde çykyş edýändigine buýsanýandyr. PETRONAS — «Бриллиантовый спонсор» OGT-2025.jpg

PETRONAS kompaniýasynyň wise-prezidenti hem-de gözleg we gazyp çykaryş bölüminiň ýerine ýetiriji direktory Mohd Jukris Abdul Wahab hem-de Halkara aktiwler boýunça wise-prezidenti Mohd Redhani B. Abdul Rahman ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti dünýä energetika pudagynyň öňdebaryjy ýolbaşçylary we hünärmenleri bilen bilelikde hyzmatdaşlygyň hem-de innowasiýanyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

“Biziň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyz ýyl-ýyldan pugtalanýar. Biz bilelikde durnukly we ygtybarly energetika geljegini gurýarys” diýip, jenap Jukris öz çykyşynyň dowamynda belläp geçdi.

PETRONAS — «Бриллиантовый спонсор» OGT-2025

Çäräniň dowamynda geçirilen pikir alyşmalar, strategik maksatly gepleşikler we innowasiýa ruhundaky döwrebap sergi pawilýony arkaly PETRONAS kompaniýasy ýene-de bir gezek Türkmenistanyň energetika pudagynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga özüniň ygrarlydygyny görkezdi.

PETRONAS — «Бриллиантовый спонсор» OGT-2025.jpg

ORIENT