Habarlar
Makalalar
Media
Afişa
Biz barada
Habarlaşmak üçin
Noýabryň başynda Türkmenistanyň birnäçe sebitlerinde az mukdarda ýagyşlar ýagdy. Merkezi Köpetdagyň ýokary sebitlerinde we Köýtendagda gar ýagdy, we möwsümde ilkinji gezek gar örtügi emele geldi.
Merkezi Köpetdagyň iň ýokary zolagynda gar ýagyp, Köýtendagyň bolsa köp bölegini gar örtügi tutdy. 6-njy noýabrda gar örtüginiň meýdany takmynan 260 inedördül kilometr boldy.
Merkezi Köpetdagyň we Köýtendagyň Türkmenistanyň iň belent daglyk nokatlary bolup durýandygyny belläp geçmeli. Köpetdagyň türkmen böleginiň iň ýokary nokady — Şah-Şah dagy (2912 metr), Köýtendagyň iň beýik nokady bolsa — Aýry-Baba dagy (3139 metr).
