Aziýa futbol konfederasiýasynyň guramagynda geçirilýän halkara ýaryşynyň nobatdaky duşuşygynda ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» topary Kataryň «Al-Ahli» toparyny kabul etdi.
Birinji ýarymyň 23-nji minudynda garşydaş toparyň futbolçylary hasaby açsada oýunyň depgini peselmedi. Ildeşlerimiz oýuny ezberlik bilen dowam etdiler. Oýunyň birinji ýarymynyň 26-njy minudynda Arkadag şäheriniň adybir toparynyň futbolçylary hasaby deňlemegi başardylar. Gyzykly hem-de çekeleşikli bolan oýun 1-1 hasabynda deňbe-deň tamamlandy.
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat bolan döwrebap innowasion Arkadag şäherinde geçirilen duşuşyk hünärmenleriň, tälimçileriň üns merkezinde boldy. Abraýly baýrak ugrundaky ýaryşda ildeşlerimiziň hem-de katarly futbolçylaryň çekeleşikli duşuşygy oýunyň gyzykly häsiýetini üpjün etdi.
Mälim bolşy ýaly, B toparçada “Arkadag”, “Andijan”, “Bahreýn”, “Al Haldiýa”, Kataryň “Al Ahli” toparlary çykyş edýär. Döwrebap innowasion Arkadag şäheriniň Adybir toparynyň halkara ýaryşlaryndaky üstünlikli çykyşlary futbol jemgyýetçiliginde uly seslenme döredýär. Aziýa yklymynyň çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda ýurdumyza 2 sany, ýagny “Arkadag” we “Ahal” toparlarynyň wekilçilik edýändigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
ORIENT
