
Aşgabatda ýurdumyzyň milli küşt senenamasyndaky iň ähmiýetli ýaryşlaryň biri — Türkmenistanyň Küşt Federasiýasynyň Kubogy tamamlandy. Ýaryş 19–27-nji oktýabr aralygynda paýtagtymyzyň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçirildi. Ýaryşa ýurdumyzyň iň güýçli küştçileri gatnaşyp, bu waka hakyky paýhas hem-de ussatlyk baýramçylygyna öwrüldi.
Çekeleşikli tutluşyklaryň netijesinde Türkmen Döwlet Binagärlik we Gurluşyk Institutynyň talyby, sport ussady Wepaly Halynýazow ýeňiji boldy. Lebap welaýatynyň küşt mekdebiniň okuwçysy bolan Wepaly häzirki wagtda Aşgabatdaky ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde türgenleşiklerini dowam edip, bu ýaryşda 11 mümkin bolan utukdan 9 utuk gazanyp, ynamly birinji orny eýeledi. Şeýle hem, ol reýtingini 22,2 orna ýokarlandyryp, milli küşt sportunyň öňdebaryjylarynyň biri hökmünde öz ornuny berkidýär.
Çempiondan bir ädim yzda, Türkmen Döwlet Bedenterbiýe we Sport Institutyňyn talyby Ahmet Gubataýew, 11 mümkin bolan utukdan 8,5 utuk bilen ikinji orna eýe boldy. Ol hem reýtingini 20,6 orna ýokarlandyrdy. Ahmet hem Aşgabadyň küşt we şaşka mekdebiniň okuwçysy.
Üçünji orna hem şol institutyň talyby Amanmuhammet Hommadow eýe boldy. Ol 11 mümkin bolan utukdan 8,5 utuk aldy we iň güýçlileriň üçlügine girip, reýtingini 3,6 orna ýokarlandyrdy. Amanmuhammet hem Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň okuwçysy.
Zenanlaryň hasabynda iň gowy netijäni Lebap welaýatyna wekilçilik edýän Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we Gaz Uniwersitetiniň talyby Leýla Şöhradowa görkezmegi başardy. Ol 11 mümkin bolan utukdan 7,5 utuk toplap, zenanlaryň arasynda birinji orny eýeledi. Leýla hem Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň okuwçysy.
Ikinji orna Türkmenabat şäherindäki 41-nji ýöriteleşdirilen mekdebiň okuwçysy Gülmira Seýilhanowa eýe boldy, üçünji orny bolsa geljegi uly bolan 15 ýaşly küştçi Jahan Rejepowa eýeledi, ol hem Lebap welaýatyndan bolup, Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň agzasydyr.
Federasiýanyň Kubogynyň esasy ýaryşynda (A kategoriýa) medallardan başga-da 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Ýokary ligasyna gatnaşmak hukugy hem berildi. Bu hukuga Ahmet Gubataýew we Leýla Şöhradowa eýe boldular, sebäbi Wepaly Halynýazowyň eýýäm Ýokary liga gatnaşmak hukugy bardy.
Şeýle-de, 1700-den pes reýtingli oýunçylar arasynda B kategoriýaly hem ýaryş geçirildi. Bu ýaryşyň ýeňijisi Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň okuwçysy Zalina Iminowa boldy, ol 11 mümkin bolan utukdan 8 utuk gazandy. Ikinji orny Nurana Serdarowa eýeledi, ol hem 8 utuk toplady. Bürünç medala bolsa Žasmin Rahmedowa eýe boldy. Nurana hem Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň okuwçysydyr.
25-nji oktýabrda standart görnüşli ýaryş tamamlanandan soň, 27-nji oktýabra çenli dowam eden rapid we blis boýunça bäsleşikler geçirildi.
Rapid A netijeleri:
Rapid B netijeleri:
Blis A netijeleri:
Blis B netijeleri:
A kategoriýaly ýaryşa 81 küştçi, B kategoriýaly ýaryşa bolsa 363-si gatnaşdy, bu bolsa ýurdumyzda küşt sportuna bolan gyzyklanmanyň artýandygyny aýdyň görkezýär.