
20-nji fewralda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde "Göni gürrüň" formatynda duşuşyk geçirildi. Hökümetiň, BMG-niň we ÝUNISEF-iň wekilleri bilim ulgamy üçin strategik ädim bolan ýurdumyzyň ähli çagalary üçin mekdebe çenli bilime elýeterliligi çaltlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Çärä bilim, maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, degişli edaralaryň we Milli bilim institutynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Halkara tarapyna BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, ÝUNISEF wekiliýetiniň ýolbaşçysy Jalpa Ratna, şeýle-de sanly aragatnaşyk arkaly goşulan halkara bilermenleri wekilçilik etdiler.
Esasy üns hil taýýarlygyny hemmeler üçin elýeterli etjek nusgalara gönükdirildi:
• 2026-njy ýylyň sentýabryndan: Mugt mekdebe taýýarlaýyş synag maksatnamasynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Ol bir ýyla niýetlenip, gündiziň ýarym günlük iş tertibinde sapaklary göz öňünde tutýar.
• 2027-nji ýylyň sentýabryndan: Maksatnamany synag taslamasynyň netijelerine we durnukly maliýeleşdiriş gurallaryna daýanyp, ýurduň hemme ýerinde tapgyrlaýyn giňeltmek meýilleşdirilýär.
• Ene-atalara goldaw: Gatnaşyjylar maşgalalara kömek maksatnamalarynyň jemlerini we bu goldawy hemişelik esasynda döwlet ulgamyna goşmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Çaganyň irki ösüşine maýa goýumlary geljegi iň täsirli maýa goýumy hasaplanýar. Täze başlangyçlar her bir çaga ýaşaýan ýerine garamazdan, deň şertlerde mekdebe çenli ýaokary hilli taýýarlygyny almaga mümkinçilik berýär. Mugt maksatnamalarynyň ornaşdyrylmagy maşgala býujetiniň maliýe ýüküni ep-esli azaldar hem-de yzygiderli çemeleşme mugallymlara usuly taýdan goldaw bermegi we netijeleriň häzirki zaman yzygiderli gözegçiligini üpjün eder.
Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar çagalaryň irki ösüşi we ene-atalara goldaw bermek ugruny ösdürmäge bolan ygrarlylyklaryny tassykladylar. Gatnaşyjylar ara alnyp maslahatlaşylan başlangyçlary durmuşa geçirmek we olary milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak üçin amaly ädimleri taýýarlamak boýunça bilelikdäki işleri dowam etdirmäge ylalaşdylar.
ORIENT