Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Daşoguz welaýatynda täze Bitaraplyk şäherçesi açyldy

11.09.2025|14:05|
366
dasoguz-welayatynda-taze-bitaraplyk-sahercesi-acyldy
Surat çeşmesi: orient.tm

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze Bitaraplyk şäherçesiniň açylyş dabarasy uly baýramçylyga öwrüldi. Täze şäherçe döwrebap şähergurluşyk talaplaryna laýyk gurulyp, dolulygyna inžener kommunikasiýalary we zerur bolan durmuş maksatly desgalar bilen üpjün edildi.

Bu ýerde 400 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, şol sanda kotejler we ösen infrastruktura ýerleşdirildi: 420 orunlyk orta mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, Medeniýet öýi, Saglyk öýi, Toý mekany, bazar, söwda merkezi, dükanlar we ýangyn söndüriji edarasy.

Döwrebap şäherçede on sekiz ýarymdan gowrak kilometr içerki we giriş ýollary çekildi. Ulag infrastrukturasynda möhüm ähmiýete eýe bolan täze awtoulag köprüleri Hanýap kanalyň hem-de drenaž kollektoryň üstünden ýerli hususy kärhana tarapyndan guruldy. Olar şäherçä islendik wagtyna howpsuz we amatly girilmegini üpjün eder.

ORIENT