XCEL halkara bäsleşikleriniň täze möwsümi başlandy
03.09.2025 | 09:45 |XCEL halkara olimpiadalary 3-nji synpdan 12-nji synpa çenli mekdep okuwçylaryna giň ýol açýar.
Bu — dünýä derejesinde özüňi tanatmak, bilimiňi we döredijiligiňi görkezmek hem-de gymmatly tejribe gazanmak üçin mümkinçilikdir.
Bäsleşigiň ugurlary:
MathXCEL — Matematika, san we logika boýunça özüni synap görmek isleýänler üçin.
CogATXCEL — Kognitiw başarnyklar, pikirleniş we intellektual ukyplary ösdürmek üçin.
RobotiXCEL — Robototehnika, tehnologiýalara we robot döretmäge höwesli geljekki inženerler we innowatorlar üçin.
ArtXCEL — Sungat, döredijilik bilen täze tehnologiýalary utgaşdyrmak isleýän zehinli çagalar üçin.
Täze möwsümiň täzelikleri:
RobotiXCEL — emeli aň we robototehnika elementleri girizilen gyzykly täze tabşyryklar.
ArtXCEL — giňeldilen tema: indi gatnaşyjylar emeli aňyň döredijiligi nähili ruhlandyrýandygyny we sungatyň täze eserlerini döretmäge kömek edýändigini öwrenip bilerler.
Geçen möwsümde gatnaşan okuwçylarymyz ýeňişler we medallar bilen yzyna dolandylar. Bu bolsa Türkmenistanyň çagalarynyň zehinlerine dünýä derejesinde ýokary baha berilýändiginiň subutnamasydyr.
Öňde täze ýeňişler garaşýar!
Milli tapgyryň ýeňijileri 2026-njy ýylyň ýanwarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Los Anjelesde geçiriljek halkara jemleýji tapgyryna gatnaşmak üçin mümkinçilik alarlar.
Onlaýn hasaba alyş eýýäm açyldy!
Web sahypa: xceledu.ai
Instagram: @xceledu.tm
Telefon belgisi: (+99362) 13-55-99