Bir maşgalanyň ertekä meňzeş taryhy ýa-da romandan dessana öwrülen durmuş
20.08.2025 | 02:50 |Käwagtlar durmuş bize kitap sahypalaryndan ýa-da kino ekrandan düşen ýaly bolup görünýän wakalary hödürleýär. Bu taryh hem hut şeýledir — söýgi, zehin, ykbal we iki medeniýeti birleşdiren maşgala barada. Bu taryh — Guwerne maşgalasy baradadyr.
Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanyndaky Fransuz institutynyň direktory hökmünde Romana Guwerneniň diplomatik işi ýaşlarymyz bilen fransuz dili we medeniýeti bilen tanyşdyrmakdan ybaratdy. Şonuň esasynda onuň wezipesi bilen iki halkyň arasynda köpri gurmagy başaryp, uly peýda getirdi.
Roman dürli ýurtlarda işläp, baý tejribe toplady, emma täze wezipe teklip edilende, ol ikirjiňlenmän, ýene-de Aşgabady saýlady. Bu şäher onuň üçin aýratyn ähmiýetli boldy, sebäbi ol ilkinji gezek gelende bu ýerde maşgala bagtyny tapdy.
Roman geljekki ýoldaşy bilen Fransuz medeniýet merkezinde tanyşdy. Onuň gözleri owadan geýnen gyza kaklyşdy we ol örän möhüm adamyň gyzy bolmaly diýip pikir etdi. Şonda ol bu gyzyň adynyň Göwherdigini bildi –özi lybaslary döretýär, ol örän özüne çekijidi. Şeýle zehinli we owadan gyz bilen öň hiç wagt duşuşmandy.
Göwher Pirguliýewa — çagalykdan tikinçilige höwesli bolan Daşoguzly sada bir gyz maşgala. Mekdebi tamamlandan soň, uniwersitete girmek üçin Aşgabada gelýär, ýöne ykbal ony başga ýola gönükdirdi. Ol kiçijik tikinçilik öýüni açdy we fransuz dilini öwrenmäge başlady. Hiç kim pikir etmändi, şu gyzyklanma onuň durmuşyny düýpgöter üýtgedýän tanyşlyga alyp barar diýip.
...Roman bilen Göwher durmuş gurdylar. Haçan-da maşgalasy Fransiýa göçüp baranda, Göwher arzuwyna ýetmek üçin öz ýoluny dowam etdirdi. Ol Pariždäki meşhur Ýokary moda mekdebine okuwa girdi. Onuň işleri we tikin ussatlygy görüp, mekdep ýolbaşçylary şeýle bir haýran galdylar welin, derrew mugallym bolmagy teklip etdiler. Şeýlelik bilen, türkmenistanly ýönekeý bir gyz ykrar edilen ussat boldy.
Haçan-da olaryň ilkinji gyz perzentleri dünýä inende, Göwher adamsyna ýürekleri tolgundyrýan bir hekaýany gürrüň berdi. Daşoguzda gezip ýörkä, “Şasenem – Garyp” dessanynyň gahrymanynyň ýaşan ýeri hasaplanýan ýerlerde, ol otuň üstünde bir ýüzük tapdy. “Bu ýüzük maňa Şasenemiň özünden iberilen bolmaly” – diýip, ol şol wagt oýlandy. Soňra özüne söz berdi: “Eger meniň gyz perzendim dünýä inse, onuň adyny men Şasenem diýip at goýaryn”. Şeýdip, türkmen gyzyň ady dakylan Şasenem atly gyz perzent we fransuz familiýasy Guwerne bolan ajaýyp bir gyzjagaz dünýä indi.
Romanyň diplomatik işi ýygy-ýygydan başga ýerlere gitmegi talap edýärdi. Bu hem bolsa Göwher üçin döredijilikde täze mümkinçilikleri açýardy. Sankt-Peterburgda ol Teatr lybaslary boýunça akademiýasyny tamamlady. Onuň doga zehini, zähmetsöýerligi we ajaýyp ussatlygy, oňa halkara derejesinde ýokary moda dizaýneri derejesine çykmaga ýardam etdi. Häzirki wagtda onuň kolleksiýalary Milan, Pariž we Saud Arabystanyndaky moda görkezilişlerini bezeýär.
Onuň üstünlikleriniň syry dürli medeniýetleri sazlaşykly birleşdirmegindedir. Onuň lybaslary — bu türkmen etnikasy bilen fransuz nepisliginiň haýran galdyryjy we örän inçe sazlaşygydyr. Gündogary we Günbatary şeýle duýup, sazlaşdyryp bilmek üçin diňe estetiki duýgurlyk we sungata bolan gözýetim däl, eýsem açyk ýürek hem gerek. Göwher muny başarýar.
Ýakynda onuň işleri Aşgabatda geçirilen “Türkmen Textile Expo-2025” atly halkara sergisinde gyzgyn garşylandy. Şeýle-de, onuň 13 sany eksklýuziw modeli Fransiýanyň milli baýramy — Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli geçirilen moda görkezilişinde Aşgabadyň sahnasyny bezedi.
Gowerneniň maşgalasynda ýene bir gyz perzent bar — onuň ady Şirin. Bu at oňa “Şirin we Perhat” dessandaky gahrymanyň hormatyna dakyldy. Häzir ol 13 ýaşynda we ol hem döredijilikde dürli ugurlary synap görýär, meselem, Fransuz institutynda ýetginjekler üçin gürrüňdeşlik klubyny alyp barýar. Bu döredijilikli maşgalada her kimiň öz söýgüli işi bar we hemmeler biri-birini goldaýarlar. Belki-de, olaryň bagtlylygynyň esasy sebäbi hem şudur.
Uly gyzy Şasenem 4 ýaşyndan bäri skripka saz guralyny çalýar we aýdym-saza bolan ajaýyp zehini bar. Ol birnäçe gezek Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri bilen dürli sahnalarda çykyş etdi.
“Türkmen-fransuz maşgalasynda kim maşgala başy?” diýen soraga Roman ýylgyryp jogap berdi: “Men köp halatlarda men oňa boýun bolýaryn, sebäbi ol örän owadan we zehinli”.
Göwher bolsa ýylgyryp jogap berip, üstüni ýetirdi: “Roman bizi diňleýär, ýöne adatça hemme zady özüne görä edýär”.
ORIENT