Awaza-2025: Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ösüşe we hyzmatdaşlyga tarap ýol
16.06.2025 | 00:38 |2025-nji ýylyň awgust aýynyň başynda, Hazar deňziniň ajaýyp türkmen kenaryndaky Awazada geçiljek, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty (LLDC) dünýäniň üns merkezinde bolar.
“Hyzmatdaşlyk arkaly ösüşi üpjün etmek” atly şygar bieln geçiriljek bu çäre, dünýä ummanyna çykalgasy bolmadyň 32 döwletiň öňünde durýan çagyryşlary ýeňip geçmek üçin strategiýalary işläp düzmek üçin esasy meýdança öwrüler.
Kenar ýakasysyz geosyýasat
Geografiki ýerleşişi döwletleriň ykbalyny, ykdysady ösüşini we geosyýasy täsirini kesgitlemekde elmydama kesgitleýji orny eýeläpgelýär. Geosyýasy ýörelgelerinde talassokratiýa (deňiz güýji) we tellurokratiýa (gury ýer güýji) ýaly düşünjeler köplenç birine-birine garşy gelýär.
Taryhy Britan imperiýasy ýa-da häzirki zaman ABŞ ýaly talassokratik döwletler söwdany üpjün etmek, gyzyklanmalary we agalygyny görkezmek üçin adatça deňiz ýollarynyň gözegçiligine bil baglaýarlar. Dünýä ummanlaryna girmek – dünýä bazarlaryna päsgelçiliksiz girmegi üpjün edýär, ulag çykdajylaryny azaldýar we ykdysady işjeňlik merkezine öwrülýän deňiz portlarynyň ösmegine ýardam edýär.
Beýleki tarapdan, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary öz içine alýan tellurokratik döwletler düýpli geoykdysady çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Port toplumlaryna göni çykalgasyň ýoklugy, daşary söwda üçin goňşy ýurtlaryň çäginden üstaşyr geçelgesine garaşlylygyny aňladýar. Bu bolsa öz gezeginde, ulag çykdajylarynyň artmagyna, býurokratik päsgelçilikleriniň döremegine, netijede bolsa olaryň harytlarynyň dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygynyň pese gaçmagyna sebäp bolýar.
G7-iň ylmy çaklamasy: Deňize çykmaga mümkinçilik almak gülläp ösüşiň açarymy?
Geografiýanyň ykdysady ösüşe täsiri baradaky çekişmeler täze däl. Şeýle-de bolsa, olar häzirki zaman geosyýasy hakykatlary bilen baglylykda ýene-de öňe çykýar. Kanadadaky häzirki G7 sammitinde, dünýäniň öňdebaryjy ykdysadyýetine eýe bolan döwletleiň ýolbaşçylary ählumumy çagyryşlary we ösüş ýollaryny ara alyp maslahatlaşyp, deňze çykalgasy bolan ýurtlarynyň artykmaçlyklary hakyndaky meseläni gytaklaýyn ýene bir gezek gozgadylar.
“Dünýä deňzine çykalgasy bolan ýurtlar has kuwwatly we ösen” diýip göni aýdylmasada, taryhy maglumatlar we häzirki zaman dünýäniň ykdysady kartasy, infrastrukturany ösdürmek we ählumumy üpjünçilik zynjyrlarynyň integrasiýasy üsti bilen deňiz söwda ýollaryna çykalgasy bilen JIÖ-niň derejesiniň arasyndaky berk baglanyşygy görkezýär.
Singapur, Gollandiýa we Koreýa Respublikasy ýaly ýurtlar, tebigy baýlyklarynyň çäklidigine garamazdan, esasan strategiki taýdan deňziň ýerleşişi we port infrastrukturasynyň mümkinçiligi bilen has uly ykdysady ösüşi gazandylar. Olaryň deňiz terminallary maýa goýumlaryny özüne çekýän we millionlarça iş ýerlerini döredýän ählumumy logistika merkezidir.
Deňeşdirmek üçin, Nepal, Boliwiýa, Çad we Owganystan ýaly LLDC-leriň köpüsi dowamly garyplyk, pes ykdysady diwersifikasiýa we haryt eksportyna garaşlylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Olaryň ykdysadyýeti dünýä bazaryndaky bahalaryň üýtgemegine we üstaşyr ýurtlaryň daşary syýasatynyň üýtgemegine gaty gowşakdyr.
Awazadaky maslahat: Deliller we anyk ädimler
Bu ulgamlaýyn meseleleri çözmek maksady bilen Awaza maslahat geçirilýär. Öňde boljak maslahat ozal geçirilen iki maslahatyň (Gazagystanyň Almata şäheri, 2003-nji ýyl, Awstriýanyň Wena şäheri, 2014-nji ýyl) netijelerine esaslanaýar we hyzmatdaşlygyň täze onýyllygy üçin başlangyç nokat bolmagy maksat edinilýär.
Esasy ugurlar we garaşylýan netijeler
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin ulag çykdajylary eksportyň bahasyndan 50%-e çenli, emma deňze çykalgasy bolan ýurtlar üçin 1%-e deň bolup biler. Türkmenistany, Owganystany we Pakistany birleşdirjek Owganystanyň üstünden geçýän demir ýol geçelgesiniň taslamasy (TOPH – diňe bir gaz geçiriji däl, eýsem ulag geçelgesi) Owganystana Hindi ummanynyň deňiz portlaryna çykmak üçin durmuş ähmiýetli mümkinçilik berýär.
Bu diňe bir ykdysady taslama däl-de, eýsem sebitleýin durnuklaşdyryjy guraldyr. Awazada geçiriljek maslahatyň çäginde, Afrikadaky (mysal üçin: Ruanda, Uganda we Burundi üçin Gündogar Afrikadaky täze demirýol şahasy) we Latyn Amerikadaky (Boliwiýa we Paragwaý üçin integrasiýa geçelgesi) şuňa meňzeş başlangyçlara serediler.
Söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek we býurokratiýa garşy göreş
Barlaglara görä, üstaşyr daşalmagyň wagtyny diňe bir gün azaltmagy LLDC-iň eksportyny 10% ýokarlandyryp biler. Serhet geçelgelerinde “eksport-import amallary üçin bir penjire” döredilmegi hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar bilen üstaşyr goňşularynyň arasynda gümrük amallarynyň sazlaşdyrylmagy ýokary netijä eýe bolar. Mysal üçin, Bütindünýä bankynyň Söwda ýardam maksatnamasy (TFP) Merkezi Aziýa ýaly sebitlerde söwdany ýeňilleşdirmek kadalaryny işjeň goldaýar. Bu maslahat gijikdirmeleri we çykdajylary azaltmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn ylalaşyklaryň baglaşylmagyna ýardam eder.
Ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmek we önümçilik potensialyny ösdürmek
LLDC-iň köpüsi bir ýa-da iki çig-mal harydyň eksportyna aşa garaşly bolýar, bu bolsa bahalaryň ýokarlanmagyna sezewar edýär. Ruanda ýaly ýurtlarda sanly ykdysadyýetiň we IT pudagynyň ösüşi ýa-da ýa-da eksport üçin önümçiligi özüne çekýän ýörite ykdysady zolaklaryň döredilmegi, ykdysadyýetlerini diwersifikasiýa etmegiň we durnuklylygyny ýokarlandyrmagyň esasy ýollarydyr. Awaza öňdebaryjy tejribäni paýlaşmak we nebit däl pudaklara maýa goýumlaryny çekmek üçin meýdança bolar.
Adam maýasyny ösdürmek we tehnologiýalara geçirmek
Durnukly ösüş üçin bilime we häzirki zaman tehnologiýalaryna elýeterlilik möhümdir. Bu nukdaýnazardan ýokary hünär taýýarlygy we ylmy barlaglar üçin sebit merkezleriniň döredilmegi, talyplaryň we mugallymlaryň alyş-çalşygy aýratyn möhümdir. Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Howa tehnologiýasy boýunça sebit merkezini döretmek boýunça Türkmenistanyň başlangyjy, beýleki LLDC-ler üçin giňeldilip bilinjek şeýle işleriň aýdyň mysalydyr.
Türkmenistanyň kabul ediji ýurt hökmünde tutýan orny
Awazanyň maslahatyň geçiriljek ýeri hökmende tötänleýin saýlanylmady. Türkmenistan Merkezi Aziýada strategiki taýdan ähmiýetli orny eýeleýäp Hazar deňziniň üsti bilen sebiti dünýä bazarlary bilen birleşdirýän ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça başlangyçlaryny işjeň öňe sürýär. Geografiki taýdan artykmaçlyklary hem-de port infrastrukturasyna maýa goýumlary (ilkinji nobatda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portyna) ony üstaşyr geçirmek üçin tebigy we esasy köprä öwürýär. Türkmenistanda şeýle maslahatyň geçirilmegi ýurduň sebit we halkara hyzmatdaşlyga bolan islegini, şeýle hem umumy bähbitler üçin tejribäni we mümkinçilikleri paýlaşmaga taýýardygyny görkezýär.
Geljege bolan garaýyş
Awazaky maslahat – diňe bir diplomatik we ykdysady çäre däl. Bu takmynan 500 million adama wekilçilik edýän 32 ýurt üçin özleriniň ösüş strategiýalaryna täzeden garamaga, hyzmatdaşlygy berkitmek we geografiki päsgelçilikleri ýeňip geçmek üçin innowasion çözgütleri tapmaga mümkinçilikdir.
Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçiriljek şunuň ýaly eýýäm üçünji forum, oýlanyşykly syýasatlar, sebitleýin hyzmatdaşlyk we halkara maýa goýumlar arkaly dünýä ummanlaryna göni çykalgasy bolmazdan, ýurtlaryň dünýä ykdysadyýetine integrirlenen geljegi gurup biljekdigine bolan ynamy güýçlendirýär. “Hyzmatdaşlyk arkaly ösüşi üpjün etmek” – diňe bir şygar däl. Bu deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň durnukly ösüşi üçin ýol kartasydyr.
Jumadurdy POTJIMOW