||
Rus milli messenjeri Max Türkmenistandaky ulanyjylar üçin elýeterli boldy diýip, TASS habar berýär.
Türkmen ulanyjylary messenjerde TM Cell ykjam aragatnaşyk operatorynyň ýerli telefon belgisi arkaly hasaba alnyp bilerler. Hasaba alyşdan soň ähli mümkinçilikler elýeterli bolýar.
Max Russiýanyň we Belarusyň, şeýle hem Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gruziýanyň, Indoneziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Laosyň, Moldawiýanyň, Malaýziýanyň, BAE-niň, Taýlandyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ulanyjylary üçin elýeterlidir.
