10-njy fewralynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M. Aýazow bilen “EXPO 2030 Riyadh” kompaniýasynyň Gyzyklanýan ýurtlar boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Mohammed bin Garadynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar 2030-njy ýylyň oktýabryndan - 2031-nji ýylyň mart aýyna çenli geçiriljek “EXPO 2030” Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem taraplar “EXPO 2030” Bütindünýä sergisine gatnaşmak Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, onuň dürli ugurlarda gazananlaryny dünýäde wagyz etmäge we daşary ýurtlar bilen söwda hem ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendigi barada bellediler.
ORIENT
