BMG-niň tegelek stoly Türkmenistanyň ýaşyl energetika geçmek ýollaryny beýan etdi
04.06.2025 | 20:20 |BMG-niň “Türkmenistanda ýaşyl energetikasyna geçmek üçin syýasaty we milli mümkinçilikleri işläp taýýarlamagy goldamak” atly ýokary derejeli tegelek stoly ýurduň durnukly energetika geljegi barada özara pikir alyşmak üçin esasy gyzyklanýan taraplary bir ýere jemledi. Çäräni BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko alyp bardy. Tegelek stol "Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähtleri" atly Halkara ylmy maslahatynyň çäklerinde geçirildi. Tegelek stol hökümet wekilleri, halkara hyzmatdaşlar, akademik işgärler we ýaş Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) ilçileri bilen açyk dialog üçin meýdança bolup hyzmat etdi. Çärede ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlary, syýasy özgertmeler we durnukly, ýaşyl energetika ulgamyna geçmekde zerur anyk ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Açylyş dabarasynda eden çykyşynda jenap Şlapaçenko ýaşyl energetika geçmegiň diňe bir howa şertleriniň üýtgemegine garşy göreşmek üçin däl, eýsem ýurduň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmak, jemgyýetiň saglygyny gowulandyrmak we täze iş orunlaryny döretmek üçin hem mümkinçilikdigini nygtady. “Bu has arassa, inklýuziw we durnukly geljege maýa goýumdyr,” — diýip, ol aýtdy.
Hemişelik utgaşdyryjy BMG-niň Türkmenistanyň klimata degişli tagallalaryny doly goldaýandygyny tassyklady. Ol BMG–Türkmenistan Strategik maslahat beriş geňeşiniň çäklerinde durmuşa geçirilýän esasy başlangyçlary, şol sanda Merkezi Aziýa boýunça sebit klimat tehnologiýalary merkeziniň döredilmegi, adalatly ýaşyl geçişe goldaw we nebit-gaz pudagynda metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça çäreleri agzady.
Şeýle hem, BMG-niň ýurt boýunça toparynyň DÖM-iň Bilelikdäki Gaznasynyň başlangyç serişdelerinden 250 müň ABŞ dollary möçberinde maliýeleşdirmäni mobilizirländigini belläp, bu serişdeleriň Türkmenistanyň ýaşyl energetika geçmegi boýunça BMG-niň Bilelikdäki Maksatnamasyna gönükdirilendigini aýtdy. Maksatnama aşakdaky ugurlar degişli:
• Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça hukuk we syýasat binýadyny pugtalandyrmak,
• Energetika pudagyndaky zyňyndylary, esasanam metany azaltmak,
• Energetika geçişini netijeli dolandyrmak üçin institusional we tehniki mümkinçilikleri güýçlendirmek.
Çärä gatnaşanlar ösüşiň gazanylmagy üçin ähli ugurlarda we halkara pudaklarda ýakyn hyzmatdaşlygyň zerurdygyny bellediler. BMG-niň UNECE, UNEP, UNDP, UNOPS, we ESCAP ýaly edaralarynyň, şeýle hem Aziýanyň ösüş banky, Bütindünýä banky, ÝB we ABŞ-nyň ilçihanasy ýaly ösüş hyzmatdaşlarynyň ähmiýetli goldawyny nygtadylar. Bu hyzmatdaşlyklar Türkmenistanyň klimat strategiýalarynyň ilerledilmegine, ýaşyl maliýeleşdirmäni çekmäge we täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga ýardam edýär.
Gün dowamynda çykyş edenler energetika özgertmeleriniň 2022–2028 ýyllar üçin Prezident maksatnamasy we 2023-nji ýylda DÖM Sammitinde kabul edilen Klimat borçnamalary bilen sazlaşykly bolmagynyň möhümdigini bellediler. BMG-niň soňky ýurt boýunça derňewine laýyklykda, 2026–2030 ýyllarda metan zyňyndylaryny azaltmak we jemi energiýa sarp edilişinde 10% täzelenýän energiýa paýyna ýetmek üçin her ýyl JIÖ-niň takmynan 1%-ine barabar goşmaça maýa goýumlar gerek bolar.
Pariž Ylalaşygynyň 10 ýyllygyna gabat gelen tegelek stol, ylma daýanýan we halkara derejesinde sazlaşykly energetika we klimat syýasatlaryny işläp düzmek üçin möhüm mümkinçilik boldy. Gatnaşanlar ylmyň, innowasiýanyň we bilim alyş-çalyşynyň netijeli düzgünleşdirmä we ekologiýa gözegçilik ulgamlarynyň ösdürilmegine goşandyny nygtadylar.
Çärede DÖM-iň ýaş ilçileriniň işjeň gatnaşmagy ýaşlaryň çemeleşmesini aýratyn beýan etdi. Olar ýaşlaryň durnukly gelejek üçin hereketlendiriji güýç hökmünde ähmiýetini nygtap. inklýuziw klimat syýasatlaryna, innowasiýa üçin giň mümkinçiliklere we raýatlaryň gatnaşygynyň güýçlendirilmegine çagyryş etdiler. Tegelek stol, Türkmenistanyň ýaşyl energetika geçmegini çaltlandyrmak üçin ýurt içindäki we halkara hyzmatdaşlygy arkaly bilelikdäki hereketlere, esasly syýasatlara we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlylygyň görkezmesi bilen tamamlandy.
ORIENT