Computex 2025: Acer Gadget ukydan başlap elektrowelosipedlere çenli innowasiýalary görkezýär
19.05.2025 | 11:37 |Halkara Computex 2025 sergisinde Acer-iň bölümçesi bolan Acer Gadget kompaniýasy saglyk, aragatnaşyk we hereket mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilen dürli tehnologiýalary birleşdirýän täzeliklerini görkezdi. Esasy täzelikleriň hatarynda akylly ýüzük Acer FreeSense Ring, simsiz gulaklyklar Acer AI TransBuds, elektrowelosipedler we elektrik ulaglarynyň täze hatary boldy.
FreeSense Ring akylly ýüzügi ýeňil titan garyndysyndan ýasalyp, ýürek urşunyň ýygylygyny, HRV (ýürek bilen baglanyşykly üýtgeme ölçegi), ganyň kislorod derejesini we uky hilini yzarlap bilýän biometriýa hasaplaýjy gurallary bilen tapawutlanýar. Maglumatlar ýörite programma arkaly seljerilýär we ulanyja abuna bolmazdan şahsy maslahatlar hödürlenýär. AI TransBuds gulaklyklary 15 dile çenli hakyky wagt tertibinde iki taraplaýyn terjime edip bilýän innowasion wezipesi bilen tapawutlanýar — biri-birine garşy oturan iki adam üçin diňe bir gulaklyk ýeterlik bolýar. Mundan başga-da subtitr döretmek we ýazga geçirmek ýaly mümkinçilikler hem bar.
Elektrik ulaglary ugrunda Acer Gadget dört sany elektroskuteri (Series 4/5 Select, Predator ES Storm/Thunder) hödürledi. Olar 400–500 wattlyk hereketlendirijiler, uýgunlaşdyrylýan tormoz ulgamy we eMobility App programmasy arkaly dolandyryş bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem, has ozal welosiped sergisinde tanyşdyrylan, giň tekerli Predator eRanger elektrik welosipedi görkezildi.
ORIENT