Serwerlerde bäsdeşlik güýçlenýär: Qualcomm Arm uguryny täzeden dikeldýär
19.05.2025 | 11:29 |Qualcomm Saud Arabystanynda emeli aň maglumat merkezlerini döretmek üçin Humain bilen hyzmatdaşlyk etmek bilen, serwerler üçin Arm prosessorlarynyň bazaryna dolanýar.
Qualcomm bilen Humain emeli aň ugruna gönükdirilen döwrebap maglumat merkezlerini Saud Arabystanynda we onuň çäklerinden daşarda bilelikde döretmek boýunça ylalaşyk baglaşdy. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde Qualcomm Humain bulut infrastrukturasy üçin ýöriteleşdirilen emeli aň çözgütlerini we serwer prosessorlaryny işläp düzmek bilen meşgullanar. Ilkinji tapgyrda taslama belli bir müşderä gönükdirilen bolsa-da, geljekde Qualcomm-yň serwerler üçin Arm prosessorlary bazaryndaky gatnaşygyny giňeltmegine garaşylýar. Kompaniýa ozal hem bu ugurda Centriq liniýasy bilen synanyşyk eden, ýöne üstünlik gazanyp bilmändi. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda Arm arhitekturasynyň meşhurlygynyň we mümkinçilikleriniň artýandygyny göz öňünde tutsak, Qualcomm-yň bu ugra täzeden girişmegi has uly mümkinçilikleri wada berýär.
ORIENT