Iň täze habarlar

Ynanyşmak – üstünlikli geljegiň açarydyr: Kazan şäherinde “KazanForum”-yň açylyş dabarasy geçirildi

15.05.2025 | 14:40 |
 Ynanyşmak – üstünlikli geljegiň açarydyr: Kazan şäherinde “KazanForum”-yň açylyş dabarasy geçirildi

“Kazan Expo” HSM-de XVI “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum” atly halkara ykdysady forumy we “Russia Halal Expo” atly sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan gatnaşyjylary RF-niň wise-premýeri Marat Husnullin garşy aldy hem-de ol forumyň esasy şygarynyň “Ynanyşmak we hyzmatdaşlyk” diýip atlandyrylandygyny belledi. “Häzirki wagtda Russiýa bilen musulman ýurtlarynyň arasyndaky gurulýan gatnaşyklary pugtalandyrmakda hut özara ynanyşmak binýada öwrüldi. Ynanyşmak – köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli taraplaryny öz içine alýan we güýçli strategiki hyzmatdaşlyga öwrülýän gatnaşyklarymyzyň ösüşinde möhüm görkezijidir” – diýip wise-premýer belledi.

1

Şeýle hem ol “KazanForum”-yň her ýyl dostlugyň we hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşant goşup, ýokary netijeliligini görkezýändigini belledi. Çäreleriň gerimi, gatnaşyjylaryň sany we wekilçiligi, ýurtlaryň geografiýasy – bularyň hemmesi Russiýanyň we yslam döwletleriniň üstünlikli geljegiň açary bolan birek-birege çuňňur hormat goýmak arkaly birleşendigini görkezýär. Husnullin Russiýa Federasiýasy bilen Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň ösüşini belläp geçdi – soňky dört ýylda 44% ýokarlandy. Bäş ýylyň dowamynda Russiýa Federasiýasy bilen Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň arasyndaky syýahat saparlarynyň sany 26% artdy.

2

Tatarstanyň Baştutany Rustam Minnihanow “KazanForum” eýýäm üçünji ýyl bäri federal formatda geçirilendigini aýtdy. Ol Russiýanyň Prezidentine, forumyň guramaçylyk komitetiniň başlygy Marat Husnulline, ähli federal hökümet edaralaryna, Yslam hyzmatdaşlygy guramasyna we köp sanly forumyň wekilýetlerine uly goldawlary üçin minnetdarlyk bildirdi. “Özüniň döredilen ýyllaryndan bäri “KazanForum” halkara guramalarynyň, döwlet edaralarynyň, maliýe guramalarynyň, telekeçileriň, şeýle hem daşary ýurt we rus kompaniýalarynyň ýolbaşçylary üçin özboluşly ajaýyp meýdança öwrüldi. <…> Hemmäňizi “KazanForum” we “Russia Halal Expo” sergisine işjeň gatnaşmaga çagyrýaryn. Ähli gatnaşyjylara many-mazmuna baý we üstünlikli maksatnamalary arzuw edýärin. Hemmäňize sag bol aýtýaryn!” – diýip, Tatarystan Respublikasynyň Raisi myhmanlara ýüzlendi.

3

Sanlaşdyrma temasyna bagyşlanan plenar mejlis aýyň 16-na bolar. Şol gün irden Rustam Minnihanowyň ýolbaşçylygyndaky “Russiýa – Yslam dünýäsi” atly strategiki garaýyş toparynyň mejlisi meýilleşdirilýär.

4

5

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: