Iň täze habarlar

“QACIS-2025”-iň amaly netijeleri: Gol çekilen ylalaşyklar halkara standartlaryny durmuşa geçirmek barada

30.04.2025 | 23:55 |
 “QACIS-2025”-iň amaly netijeleri: Gol çekilen ylalaşyklar halkara standartlaryny durmuşa geçirmek barada

Baý many mazmunly çekişmeler we tejribe alyşmakdan başga-da, birnäçe ikitaraplaýyn resminamalaryň gol çekilmegi “Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi” atly halkara maslahatynyň (QACIS-2025) amaly taýdan örän netijeli bolandygy görkezdi. Bu ylalaşyklar, türkmen ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda talap edilýän halkara standartlarynyň iş ýüzünde durmuşa ornaşmagyna ýardam bermäge we we içerki kompaniýalaryň daşary ýurt bazarlaryna çykmagyny ýönekeýleşdirmäge gönükdirilendir.

Gol çekilen resminamalarda berkidilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary:

Pagta pudagynda durnukly standartlar:

‣ “Standart Hyzmat” HK (Türkmenistan) bilen “SAROB GLOBAL CONSULTING” LLC (Täjikistan) arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi. Resminamalar Türkmenistanda hususy kärhanalarynda durnukly pagta standartlaryny, şol sanda “Fairtrade” we “Better Cotton” standartlaryny ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki iş alyp barmaga gönükdirilendir. Bu dünýäniň dokma bazarynyň arassa pagta bolan isleginiň ýokarlanmagyna gönüden göni jogap bolup, türkmen önüm öndürijileri üçin täze eksport mümkinçiliklerini açýar.

1.jpg

Oba hojalygynda halkara standartlar:

‣ “Standart Hyzmat” HK (Türkmenistan) şeýle hem “Safety First Certification Services” (Mongoliýa) bilen hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygy gol çekdi. Resminamada – Türkmenistanyň oba hojalygy pudagynda halkara durnukly standartlaryň ornaşdyrylmagy bellenendir . Bu türkmen oba hojalyk önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we ekologiýa we durmuş taraplary göz öňünde tutmak bilen halkara bazarlarynyň talaplaryna laýyk gelmegi üçin möhüm ugurdyr.

“OEKO-TEX® Standard 100” standarty boýunça sertifikatlaşdyrmak

‣ “OEKOTEX®” halkara assosiasiýasynyň resmi agzasy bolan “OETI” (Awtriýa) kompaniýasynyň hyzmatdaşy ООО “Chase United CA” JÇK-nyň (Özbekistan) gatnaşmagynda birbada iki sany Ähtnama gol çekildi. “Standart Hyzmat” HK bilen “Chase United CA” JÇK-nyň arasyndaky birinji ylalaşyk gönüden-göni Türkmenistanyň çäginde “OEKO-TEX® Standard 100” boýunça sertifikatlaşdyrmak hyzmatlaryny ýerine ýetrimek boýunça hyzmatdaşlygy işe girizýär. Bu türkmen dokma önümlerini we egin-eşik öndürijileri üçin bu möhüm dokma önümleriniň howpsuzlyk sertifikatyny almak işini ep-esli aňsatlaşdyrar.

Ikinji ylalaşyk, “Batly Gadam” HJ (Türkmenistan), “Standart Hyzmat” HK (Türkmenistan) we “Chase United CA” JÇK-nyň arasynda baglaşyldy we munuň özi “OEKO-TEX® Standard 100” boýunça sertifikatlaşdyryljak anyk kompaniýanyň mysalydyr. Bu, ylalaşyklaryň tejribede ýerine ýetirilişini we türkmen işewürliginiň ýokary halkara talaplaryna laýyk gelmek ugrunda edýän tagallalaryny görkezýär.

3.jpg

ISO standartlary boýunça dolandyryş ulgamlarynyň sertifikatlaşdyrylmagy:

‣ “Halkara standart hyzmatlary” HK (HIL-TM, Türkmenistan) we “CERT International” (Slowakiýa), sertifikatlaşdyryş boýunça halkara gurluş bilen hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyga gol çekdi. Resminama, türkmen kompaniýalaryny esasy halkara standartlary boýunça dolandyryş ulgamlarynyň seljerilmegi we sertifikatlaşdyrylmagy boýunça bilelikdäki işleri göz öňünde tutýar: ISO 9001 (hil), ISO 14001 (ekologiýa), ISO 45001 (zähmet howpsuzlygy). Nebitgaz pudagynda aýratyn hyzmatdaşlyk bellenip geçildi, bu ugurda halkara hyzmatdaşlary bilen işlemek üçin örän möhüm we zerurdyr.

ESG standartlary boýunça sertifikatlaşdyrmak:

‣ “ESG” (ekologiýa, durmuş we korporatiw dolandyryş) standartlary boýunça sertifikasiýa pudagynda “Sidona Green” britan kompaniýasy bilen “Ygtybary” (Türkmenistan) maliýe merkeziniň arasynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekildi. “ESG” faktorlarynyň dünýädäki maýadarlar we hyzmatdaşlar üçin barha artýan ähmiýetini göz öňünde tutup, bu ylalaşyk türkmen kompaniýalaryna “ýaşyl” maliýeleşdirmegi çekmek we halkara giňişligindäki abraýyny ýokarlandyrmak üçin mümkinçilikleri açýar.

2.jpg

“QACIS-2025” maslahatynyň jemleri boýunça resminamalara gol çekilmegi, standartlaşdyryş meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy nazaryýetden durmuşa geçirmek möhüm ädim boldy. Halkara we sebit hyzmatdaşlary bilen baglaşylan ylalaşyklar türkmen işewürlerine dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän standartlary durmuşa geçirmek üçin infrastruktury we mümkinçilikleri döredýär, şeýlelik bilen eksportyň ösmegine we ýurduň ykdysadyýetiniň birleşmegine itergi berýär.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: