«Türkmenpoçta» PAK-nyň ýerine ýetirýän üstünlikli işleriniň netijesinde «EMS» hyzmaty, diýarymyzyň çägi we dünýäniň aglaba bölegi boýunça «Salgydan-salga» - «Çaparçylyk» hyzmaty, Trek kod ýollamany yzarlamak usuly, «Şahsy otag» hyzmaty, «shop.post.tm» söwda platformasy, onlaýn-abuna ýazylmak hyzmaty, şeýle hem täze sanly hyzmatlaryň hatarynda «Çapar Pay» mobil goşundysy dürli sanly hyzmatlary amala aşyrýar.
«Çapar Pay» mobil goşundysy dürli hili hyzmatlar üçin tölegleri geçirmekde giň mümkinçilikleri hödürlemek bilen, Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň arasynda uly meşhurlyk gazandy. Bu goşundy köp sanly maliýe amallaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berip, raýatlaryň gündelik durmuşyny görnetin ýeňilleşdirýär.
Ulanyjylar «ÇaparPay» goşundysyndan peýdalanmak arkaly sanlyja sekundyň içinde ýol hereketiniň düzgün bozulmalarynyň jerimelerini, jemagat hojalygy hyzmatlary üçin tölegleri töläp bilerler, «Belet» platformasynyň hasabyny dolduryp ýa-da «Älem TV» hemra teleýaýlymyna abuna ýazylyp bilerler. Bu amallaryň hemmesini bary-ýogy smartfonyň ekranyna birnäçe gezek basmak arkaly ýerine ýetirip bolýar.
Türkmenistanyň içerki uçuşlary üçin howa gatnaw peteklerini satyn almaga mümkinçilik berýän hyzmaty aýratyn ähmiýetlidir.
«EMS» poçta hyzmatyň Trek kod ýollamany yzarlamak usuly bolsa turkmenpost.gov.tm internet sahypasynda müşderiler üçin ibermeleriniň ugryndan habarly bolmaklaryny üpjün edýär. Trek kod ýollamany yzarlamak hyzmaty müşderileri ýollamalarynyň iberilişini we gowşurylyşyny barmaly ýerine çenli trek-belginiň kömegi bilen onlaýn habarly edýär. Bu hyzmat halkara ýük daşamak hyzmatyny has amatlaşdyrdy.
Bulardan başga-da, «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň «shop.post.tm» söwda platformasy köpdürli elektron söwda meýdançasy bolup, önüm öndürijiler bilen bir hatarda, satyn alyjylar üçin hem oňyn şertleri döretdi.
turkmenpost.gov.tm saýtynda onlaýn-abuna ýazylmak arkaly ýurdumyzyň we dünýä täzeliklerini öwrenip bolýar. Ilatymyz öýde, işde we ýolda elektron neşiriniň hyzmatlaryndan peýdalanyp bilerler.
ORIENT news
