HPG: global maliýe durnuklylygyna abanýan howplar artýar
26.04.2025 | 21:40 |21–26-nji aprel aralygynda Waşingtonda Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) we Bütindünýä Bankynyň (BB) ýolbaşçylyk ediji edaralarynyň ýazky mejlisi geçirilýär. Bellenilişi ýaly, Amerikanyň täze tarif syýasaty sebäpli dünýä söwdasynda güýçli üýtgeşmeler bolup geçýän döwürde geçirilýän bu sessiýa, dünýä ykdysadyýetinde ýüze çykýan töwekgelçilikleriň şertlerinde global ykdysady we maliýe meseleleriniň çözülmegine itergi berer diýip, hünärmenler garaşýarlar. HPG täze «Global maliýe durnuklylygy baradaky hasabatynda» global maliýe durnuklylygyna abanýan howplaryň maliýe şertleriniň kynlaşmagy we söwda hem-de geosyýasy näbellilikleriň artmagy bilen ýokarlandygyny belleýär. Gaznanyň bahalandyryşyna görä, ýakyn geljekde howp döredip biljek esasy üç faktor görkezilýär:
(I) käbir möhüm bazarlarda aktiwleriň bahasy ýokary bolup galýar;
(II) karz serişdeleriniň paýy ýokary bolan käbir maliýe edaralarynyň bank ulgamyna baglanşygy;
(III) bazar täsirlenmeleri (özgermeler) we bergisi ýokary döwletleriň ykdysady durnuklylygynyň meseleleri we bergisi ýokary bolan döwletleriň ykdysady durnuklylygynyň meselesi.
Hasabatda şeýle hem geosyýasy howplar bilen bagly uly wakalaryň paýnamalaryň (aksionlaryň) bahalarynyň ep-esli peselmegine we döwlet karzlarynyň töwekgelçilik sylaglarynyň ýokarlanmagyna sebäp bolup biljekdigi, şeýlelikde makro-maliýe durnuklylygyna uly howp döredýändigi görkezilýär. Kapital bazarlary serişdeleri çekmegiň we serişdeleri netijeli paýlamagyň mehanizmlerini üpjün etmek arkaly ykdysady işjeňligi höweslendirmekde möhüm rol oýnaýar. Şonuň üçin bu bazarlaryň we araçylyk edýän maliýe guramalarynyň durnuklylygy, aýratyn-da häzirki bazar üýtgeşmeleri we ykdysady näbellilik şertlerinde, makroykdysadyýet üçin örän möhüm ähmiýete eýe bolup durýar diýip, HPG belleýär.
Şu şertlerde Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçysy ähli döwletlere bergi derejesini azaltmaga gönükdirilen maliýe syýasatlaryny kem-kemden sazlamagy we «çeýe we ynamly» pul-karz syýasatyny goldamagy maslahat berdi. Mundan başga-da, döwletlere içerki we daşarky makroykdysady deňsizlikleri aradan aýyrmaga ileri tutulýan ähmiýeti bermek teklip edildi.