Iň täze habarlar

Minsk: GDA we Türkmenistan sebitleýin hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alyşdylar

24.04.2025 | 02:05 |
 Minsk: GDA we Türkmenistan sebitleýin hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alyşdylar

23-nji aprelde GDA-nyň Minskdäki ştab-kwartirasynda GDA-nyň Baş sekretarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Igor Petrişenkonyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ilçisi, GDA-nyň tertipnamalaýyn we beýleki düzümlerinde ýurduň Hemişelik Doly ygtyýarly wekili Nazarguly Şagulyýew bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar oňyn Bitaraplyk syýasatyny alyp barýan Türkmenistan, özara peýdaly taslamalara we sebitara gatnaşyklary pugtalandyryp, GDA-nyň işine çeýe we pragmatiki çemeleşmäni görkezýär diýip bellediler. Şeýle hem hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna işjeň gatnaşýan Türkmenistanyň Arkalaşygyň durnuklylygyna we ösüşine goşant goşýandygy nygtaldy. GDA-nyň çäginde Türkmenistanyň özara gatnaşygy halkara hukugynyň we Arkalaşygyň Tertipnamasynyň kadalaryna hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk we özygtyýarly deňlik ýörelgelerine esaslanýar.

встреча с послом Туркменистана в штаб-картире СНГ в Минске.JPG

Ilçi Şagulyýew, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndasn Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilmegi bilen Türkmenistanda ýurduň ýylyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy kabul edildi. 2025-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan uly göwrümli forumyň geçirilmegi aýratyn waka bolar.

Duşuşygyň barşynda türkmen tarapynyň Belarus Respublikasynda öňde boljak möhüm wakalara gatnaşmagynyň geljegi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi GDA-nyň çäginde hyzmatdaşlygy güýçlendirmekde möhüm ädim bolup biler.

ORIENT

Foto: Türkmenistanyň Belarusdaky Ilçihanasy tarapyndan üpjün edildi

Şeýle hem okaň: