Iň täze habarlar

Hünär bizi saýlaýarmy ýa-da biz hünäri?! - geljekki hünärmenler bilen duşuşyk guraldy

01.04.2025 | 19:35 |
 Hünär bizi saýlaýarmy ýa-da biz hünäri?! - geljekki hünärmenler bilen duşuşyk guraldy

Golaýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda talyp ýaşlar bilen jemgyýetçilik işgäri, pedagog, Türkmenistanyň Ýaşlar Guramasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň işjeň agzasy Merdan Ataýewiň gatnaşmagynda «Hünär bizi saýlaýarmy ýa-da biz hünäri, ýaşlary nädip hünäre höweslendirmeli» atly pikir alyşma duşuşygy geçirildi. Bu barada TBM-niň resmi web sahypasynda habar berilýär.

1

Duşuşykda myhman ýaşlary öz hünärini nähili saýlamalydygyny, onuň usullardyr - görnüşleri, hem-de iş üpjünçiligi barada giňiňşleýin gürrüň berdi. Şeýle-de Merdan Ataýew öz zähmet ýoly, dürli wezipelerde işlän ýerleri, hem-de ýaşlar bilen döreden gurnaklary, hem-de ýaşlar bilen iş salyşmak ýollary barada hem çykyş etdi.

Talyplar duduşuşykda hünär saýlamak boýunça özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen myhmana ýüzlenip, kanagatly jogap aldylar.

2

Jemgyýetçilik işgäri, pedagog Merdan Ataýew höwesjeň ýaşlara özüniň gurnaklarynyň guramaçylygynda geçirilen birnäçe bäsleşikdir – çärelerini beýan edýän wideolary we fotosuratlary görkezdi.

ORIENT

Foto: Guramaçylar tarapyndan berlen

Şeýle hem okaň: