Guramaçylar Mayer Expo Asia kompaniýasy TurkmenExpo bilen bilelikde türkmen kompaniýalaryny 2026-njy ýylyň 25–27-nji noýabry aralygynda Almatydaky Atakent sergiler merkezinde geçiriljek NFA Expo 2026 Halkara sarp ediş harytlary sergisine gatnaşmaga çagyrýarlar.
Sergi we onuň ähmiýeti barada
Merkezi Aziýada söwdanyň işjeň ösýän şertlerinde Gazagystan Ýewraziýa ykdysady birleşiginiň (EAEU) bazarlaryna çykmak üçin esasy ugurlaryň birine öwrülýär. Şeýle ýagdaýda NFA Expo sebitdäki iň iri professional B2B meýdançalarynyň biri hökmünde özüni tanadyp, ol öndürijileri we satyn alyjylary birleşdirýän platforma bolup durýar. Serginiň formaty amaly netijä gönükdirilen: gatnaşyjylar iri söwda torlarynyň we marketpleýsleriň alyjylary bilen göni aragatnaşyk saklap, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýup bilýärler.
TurkmenExpo kompaniýasy gatnaşyjylara hasaba almakdan başlap, sergidäki işleriň guralyşyna çenli doly goldaw berýär.

Esasy görkezijiler
NFA Expo durnukly ösüşi we ýokary işjeňligi görkezýär:
• 350-den gowrak gatnaşyjy-kompaniýa
• 6 500-den gowrak professional myhman
• 500-den gowrak baglaşylan şertnama
• 385-den gowrak B2B duşuşyk
• 7 000 m²-den gowrak sergi meýdany
• gatnaşyjylaryň sanynyň 23% artmagy

Türkmen telekeçiligi üçin mümkinçilikler
Sergä gatnaşmak kompaniýalar üçin birnäçe amaly artykmaçlyklary açýar. Ilki bilen — riteýl we elektron söwdanyň wekilleri bilen öňünden guralan B2B duşuşyklara gatnaşmak mümkinçiligi bolup, bu gepleşikleriň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrýar.
Şeýle hem sergi bir wagtyň özünde birnäçe ýurduň alyjylary bilen işleşmäge mümkinçilik berýär. Olaryň hatarynda Gazagystan, Russiýa, Özbegistan, Gyrgyzystan, Belarus we beýleki sebit bazarlary bar.
Goşmaça mümkinçilikleriň arasynda önümleri onlaýn ýollar arkaly öňe sürmek hem-de ýörite tanyşdyryş zolaklaryna, şol sanda “Täzelikler galereýasyna” gatnaşmak bar.
Aýratyn üns Private Label we şertnama esasynda önümçilik pudagyna berilýär, sebäbi bu ugra bolan isleg söwda torlary tarapyndan yzygiderli artýar. Serginiň işewürlik maksatnamasy riteýl, logistika we satuw tehnologiýalary boýunça möhüm temalary hem öz içine alýar.

Milli pawilýonyň artykmaçlyklary
TurkmenExpo-nyň goldawy bilen guralýan Türkmenistanyň milli pawilýonynyň düzüminde gatnaşmak aýratyn ähmiýete eýedir.
Bu format aşakdakylary üpjün edýär:
• umumy infrastruktura we gurama arkaly çykdajylary optimizirlemek;
• myhmanlaryň has uly akymyny çekmek;
• halkara alyjylaryň ynamyny ýokarlandyrmak;
• gatnaşmagyň ähli tapgyrlarynda professional goldaw almak.
Milli stendleriň aýratyn ekspozisiýalara garanyňda has ýokary gatnaşyjy sanyny we netijeliligi üpjün edýändigini tejribe görkezýär.

Myhmanlaryň profili
Serginiň baýerleriniň arasynda halkara we sebit derejesindäki öňdebaryjy kompaniýalaryň wekilleri bar. Olaryň hataryna Wildberries, Ozon, Kaspi.kz, Carrefour, Magnum, Korzinka, Uzum Market, Technodom.kz, FixPrice, Small, Arbuz.kz we beýlekiler girýär.
Harytlaryň esasy kategoriýalary
Ekspozisiýa sarp ediş harytlarynyň giň toplumyny öz içine alýar:
• öý üçin harytlar we durmuş tehnikasy
• öý dokma önümleri
• öý hojalyk himiýasy
• kosmetika we arassaçylyk serişdeleri
• bezeg we interýer
• çagalar üçin harytlar
• sowgatlar we ýadygärlik sowgtalyklary
• Private Label / şertnama esasynda önümçilik

NFA Expo 2026 — täze bazarlara çykmak, işewür gatnaşyklary giňeltmek we eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin netijeli meýdançadyr.
Türkmenistanyň milli pawilýonynyň düzüminde gatnaşmak kompaniýalara amatly çykdajylar bilen iň ýokary netijäni gazanmaga mümkinçilik berýär.
Gatnaşmak we goşmaça maglumat almak üçin TurkmenExpo kompaniýasyna ýüz tutuň:
📩 contact@turkmenexpo.com
📞 +993 71 87 18 12
