Iň täze habarlar

HGI-de çagalaryň arasynda surat çekmek boýunça döredijilik bäsleşigi geçirildi

26.03.2025 | 21:00 |
 HGI-de çagalaryň arasynda surat çekmek boýunça döredijilik bäsleşigi geçirildi

Ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýär.

1

26-njy martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde çagalaryň arasynda yglan edilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.

2

Yglan edilen bu döredijilik bäsleşigi 4 ýaşdan 11 ýaşa çenli çagalaryň arasynda üç ugur boýunça, ýagny 1-nji ugry surat çekmek we amaly haşam sungaty, 2-nji ugry aýdym-saz we tans sungaty, 3-nji ugry bolsa türkmen milli oýunlary bilen baglanyşyklydyr.

3

Halkara gatnaşyklary institutyndaky geçirilen bäsleşik Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň çagalarynyň arasynda geçirildi.

4

Döredijilik bäsleşiginiň jemleri ozal habar berşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 29-njy martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli guralýan çäreleriň çäklerinde jemlener.

5

6

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: