Iň täze habarlar

Türkmenistanyň raýatlary üçin Rumyniýada bilim almaga resminamalaryň kabul edişliginiň tamamlanmagyna üç gün galdy

24.03.2025 | 16:00 |
 Türkmenistanyň raýatlary üçin Rumyniýada bilim almaga resminamalaryň kabul edişliginiň tamamlanmagyna üç gün galdy

Halkara ynsanperwer we ösüş uniwersitetinde Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalarynyň kabul edişligi 27-nji martda tamamlanýar. Umumy orta, orta hünär we ýokary bilimi bar bolan dalaşgärler bakalawr we magistratura maksatnamalaryna haýyşnamalaryny tabşyryp bilerler.

Kabul ediş topary elýeter hünärler, orunlaryň sany we okamak şertleri barada giňişleýin maglumatlary berýär. Rumyn uniwersitetlerinde bilim almak öz içine giň ugurlary alýar, şol sanda:

Maglumat tehnologiýalary;

Saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary;

Bilim we pedagogiki ylymlar;

Oba hojalygy we Oba hojalyk ylymlary;

Inženerçilik işi, tehnologiýalar we tehniki ylymlar;

Matematika we tebigy ylymlar.

Rumyniýada bilim almak isleýänler howlukmaly – resminamalaryň kabul edişligi öňümizdäki penşenbe güni tamamlanýar. Zerur bolan resminamalaryň sanawy bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz: https://www.orient.tm/tm/post/82785/turkmenistanda-rumyniyanyn-yokary-okuw-mekdeplerine-resminamalaryn-kabul-edisligi-baslandy

ORIENT news

Foto: international.expert

Şeýle hem okaň: