Iň täze habarlar

Hindistanyň medeni aragatnaşyklar baradaky geňeşi Türkmenistanyň raýatlary üçin talyp haklary barada habar berdi

24.03.2025 | 14:40 |
 Hindistanyň medeni aragatnaşyklar baradaky geňeşi Türkmenistanyň raýatlary üçin talyp haklary barada habar berdi

Hindistanyň medeni aragatnaşyklar baradaky geňeşi (Indian Council for Cultural Relations, ICCR) 2025-2026-njy okuw ýyllarynda Hindistanyň ýokary okuw mekdeplerinde dürli ugurlarda bakalawr, magistratura we ylmy barlaglar maksatnamalary, şeýle hem hindi medeniýeti, şol sanda tansy, aýdym-sazy, teatry, ýerine ýetirijilik sungaty, heýkeltaraşlyk, hindi dilleri, milli tagamlar we ş.m. boýunça bilim almak üçin Türkmenistanyň raýatlary üçin talyp haklary barada yglan etdi.

Bu barada Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

https://a2ascolarships.iccr.gov.in web-saýty arkaly haýyşnamalary tabşyrmagyň soňky möhleti – 2025-nji ýylyň 30-njy apreli. Saýtda maksatanama we haýyşnamalary tabşyrmagyň yzygiderli görkezijisi elýeterlidir. Uniwersitetleriň özüniň çözgüdi baradaky maglumatlary (talyp hakyny bermegiň tassyklanylan ýagdaýynda – diplomatik wekilhanalaryň habarly edilmegi, ýatyrylan ýagdaýynda – talyplaryň habarly edilmegi) hödürlemegiň soňky möhleti – 2025-nji ýylyň 31-nji maýy.

Haýyşnamalary tabşyrmak isleýänler üçin 131 sany ýokary okuw mekdebi teklip edilýär.

ORIENT news

Foto: studyopportunities.online

Şeýle hem okaň: