Expo 2025 sergisiniň guramaçylary işjeň ýagdaýda ýol beletleri taýýarlaýarlar
24.03.2025 | 12:55 |2025-nji ýylyň 13-nji aprelinden 13-nji oktýabryna çenli Ýaponiýanyň Ýumesima adasynda geçiriljek Expo 2025 Bütindünýä sergisiniň öňüsyrasynda guramaçylar ýol beletleri taýýarlamak boýunça işi ýokary depginde alyp barýarlar.
Sergide müňe golaý ýol belet işläp, olaryň günde 220 müňe çenli myhmanlara hyzmatlaryny ýetirmegine garaşylýar. Ýol beletleri taýýarlamak maksatnamasy daşary ýurtly syýahatçylar bilen gatnaşyk alyp barmak endiklerini, awtomatiki tejrimeçileriň ulanylmagyny we mümkinçilikleri çäklendirilen adamlara kömek bermegi öz içine alýar.
Ýol beletler üçin gelýän adamlara myhmansöýerligi we dostlukly gatnaşyklary görkezmek zerurdyr.
Expo 2025 sergisiniň Guramaçylyk toparynyň agzalary ýol beletleriň geçirilýän sapaklardan ýokary netijeleri alyp biljekdigine we sergide ýokary derejeli hyzmatlary ýetirjekdigine ynam bildirdiler.
ORIENT news