Iň täze habarlar

Hytaý siwilizasiýalaryň köpdürliligine hormat goýmaga çagyrýan başlangyjyň döredilmeginiň iki ýyllygyny belleýär

20.03.2025 | 09:40 |
 Hytaý siwilizasiýalaryň köpdürliligine hormat goýmaga çagyrýan başlangyjyň döredilmeginiň iki ýyllygyny belleýär

Iki ýyl mundan ozal Hytaý Ählumumy siwilizasiýalar başlangyjyny teklip etdi. Ony Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň hem-de dünýäniň syýasy partiýalarynyň gatnaşmagyndaky maslahatda HHR-iň başlygy Si Szinpin öňe sürdi. Başlangyç siwilizasiýalaryň köpdürliligine hormat goýmagy teklip edýär, umumadamzat gymmatlyklaryny öňe sürýär, dürli medeniýetleriň mirasynyň wajyplygyny açyp görkezýär hem-de işjeň halkara alyş-çalyşlary höweslendirýär.

Şeýle hem, bu başlangyç deňlige, özara bilim almaga we siwilizasiýalaryň arasyndaky dialoga çagyrýar. Onda parahatçylygyň, ösüşiň, deňhukuklylygyň, adalatlylygyň, demokratiýanyň we azatlygyň hemme adamlaryň umumy islegi bolup durýandygy barada aýdylýar. Başlangyç siwilizasiýalaryň arasyndaky tapawutlyklara bitarap garap, beýlekilere öz şahsy gymmatlyklaryna we modellerine mejbur etmezlige we ideologiýa gapma-garşylygy döretmezlige çagyrýar.

Başlangyç taryhy nukdaýnazary we dürli medeniýetleriň barlygyny göz öňünde tutmagyň möhümdigini açyp görkezýär. Ol ýurtlary döredijilikli özgertmä we özüniň adaty medeniýetlerine innowasiýalary girizmäge höweslendirýär. Şeýle hem, ol adamlaryň arasyndaky aragatnaşyklary giňeltmäge, alyş-çalyşlary we hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga çagyrýar, sebäbi siwilizasiýalaryň arasyndaky dialog üçin global ulgamyň döredilmegi zerurdyr.

Şeýle başlangyç global dolandyryşa ýardam bermek boýunça Hytaýyň tagallalarynyň bir bölegidir. Ol 2021-nji ýylda Ählumumy ösüş başlangyjynyň we 2022-nji ýylda Ählumumy howpsuzlyk başlangyjynyň döredilmeginden soň girizildi.

Foto: russian.news.cn

Şeýle hem okaň: