Iň täze habarlar

Türkmenistanda ýokanç B gepatini anyklamak we bejermek boýunça okuwlar geçirildi

19.03.2025 | 11:50 |
 Türkmenistanda ýokanç B gepatini anyklamak we bejermek boýunça okuwlar geçirildi

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyñ (BSGG) Türkmenistandaky Ýurt edarasy BSGG-niñ maslahatlaryna we milli protokola laýyklykda ýokanç B gepatini anyklamak we bejermek boýunça okuwlary geçirdi.

Göni aragatnaşyk görnüşinde geçirilen okuwlar Aşgabadyñ hem-de ýurduñ welaýatlarynyñ pudaklaýyn hünärmenlerini ýygnady.

Türkmenistanyñ lukmançylyk işgärleriniñ ýokanç B gepatini anyklamak we bejermek boýunça taýýarlyklaryny ýokarlandyrmaga gönükdirilen okuwlary BSGG-niñ Ýewropa sebiti boýunça edarasynyñ geñeşçisi, professor Aleksandr Nersesow geçirdi. Ol ýokanç B gepatini anyklamagyñ we bejermegiñ öñdebaryjy usullary bilen paýlaşdy.

ORIENT news

Foto: Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyñ (BSGG) Türkmenistandaky Ýurt edarasy tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: