Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukçylary harby gullukdan ätiýaçlyga boşatmak we harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi

15.03.2025 | 05:33 |
 Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukçylary harby gullukdan ätiýaçlyga boşatmak we harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi. Degişli resminama 2025-nji ýylyň 14-nji martynda TDH web sahypasynda çap edildi.

Permana laýyklykda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary 2025-nji ýylyň aprel - iýun aýlarynda harby gullukdan boşadylar.

Şeýle hem şol döwürde, 2025-nji ýylyň aprel - iýun aýlary aralygynda harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk ýaşy 18-27 aralygynda bolan Türkmenistanyň erkek raýatlaryny harby gulluga çagyrylar.

Şu Perman resmi çap edilen gününden herekete girýär.

Türkmenistanyň raýatlaryny ýazky we güýzki möswümlerinde yzygiderli harby gulluga çagyrmak we çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýar. Bu çäreler meýilnamalaýyn häsiýete eýedir we Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň söweşjeň taýýarlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: