Rus dilinde makala ýazmak boýunça talyplaryň arasynda bäsleşik yglan edildi
15.03.2025 | 16:02 |Magtymguly adyndaky TDU bilen “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň redaksiýasy tarapyndan 2025-nji - “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” (“Туркменистан – Родина мира и доверия”) atly rus dilinde makala ýazmak boýunça bäsleşigiň gecirilýändigi habar berilýär.
Döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga isleg bildirýän awtoryň maglumatlary (ýagny: gatnaşýanyň ady, familiýasy, bilim alýan ýokary okuw mekdebi, hünäri, okaýan ýyly we telefon belgisi) makalanyň ahyrynda doly görkezilip, awtoryň öň hiç ýerde çap edilmedik 1 makalasy ""Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” (“Туркменистан – Родина мира и доверия”) atly makala ýazmak bäsleşigine" diýen ýazgy bilen hödürlenmelidir.
Hödürlenýän makalalar 2025-nji ýylyň 17-nji martyndan 2025-nji ýylyň 30-njy noýabryna çenli talybyň okaýan ýokary okuw mekdebiniň elektron salgysyndan ýa-da awtoryň şahsy elektron salgysyndan “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň elektron salgysyna (neytralnyturkmenistan-gazeti@sanly.tm) ýa-da Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň (turkmenuniwersitetitdu@gmail.com) elektron salgysyna iberilip bilner;
Bäsleşigiň netijeleri baradaky maglumatlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň resmi web saýtynda (tdu.edu.tm) ýerleşdiriler.
Makala bäsleşiginiň jemleri boýunça Baş baýrak we 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlar bellenilýär. Ýeňijiler 2025-nji ýylyň dekabr aýynda yglan edilip, Magtymguly adyndaky TDU-nyň we “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň redaksiýasynyň hormat hatlary hem-de Türkmen döwlet uniwersitetiniň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanylar.
Bäsleşigiň düzgünnamasy bilen TBM-niň web sahypasynda berlen bildiriş arkaly tanşyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin tel: 38-61-18
ORIENT