Iň täze habarlar

Türkmen ýaşlary Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alarlar

15.03.2025 | 12:23 |
 Türkmen ýaşlary Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alarlar

Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýer B.Orazdurdyýewanyň 2025-2026-njy okuw ýylynda Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek meselesi baradaky teklibini makullady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi belleýär.

Türkmen ýaşlary maglumat tehnologiýalary; saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary; bilim we pedagogika ylymlary; oba hojalygy we oba hojalyk ylymlary; inženerçilik işi; tehnologiýalar we tehniki ylymlar; matematika we tebigy ylymlar ýaly ugurlar boýunça bilim alar.

Bilim ulgamy babatdaky şeýle başlangyçlaryň ähmiýeti barada belläp, döwlet Baştutany wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

ORIENT news

Foto: blog.rosdiplom.ru

Şeýle hem okaň: