Iň täze habarlar

Saud Arabystany 10-njy fewraldan başlap zyýaratçylar üçin hökmany sanjymlary girizýär

06.02.2025 | 15:15 |
 Saud Arabystany 10-njy fewraldan başlap zyýaratçylar üçin hökmany sanjymlary girizýär

Saud Arabystany 2025-nji ýylyň 10-njy fewralyndan başlap umra we haj amala aşyrýan zyýaratçylar üçin hökmany sanjymlary girizýär.

Bir ýaşdan we ondan uly ýolagçylaryň meningokokk ýokanç keseline garşy sanjym edilendigi barada şahadatnamasy bolmaly. Sanjym dörtwalentli (ACYW-135) polisaharid görnüşinde bolup, soňky üç ýylyň içinde barmazyndan 10 gününden pes bolmadyk möhletde alnan bolmaly. Soňky bäş ýylyň içinde alnan konýugirlenen sanjym hem alternatiw mümkinçilik bolar.

Bu girizilen täzeçilik zyýaratçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge we ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilendir. Hökmany sanjymlaryň girizilmegi ýokanç keselleriň ýaýramagyna hem-de ilatyň saglygyny goramaga gözegçilik etmek boýunça ählumumy tagallalary bilen hem baglanyşyklydyr.

Ozal meningite garşy hökmany sanjym diňe uly haj amala aşyrýan zyýaratçylar üçin talap edilýärdi. Indi bolsa ol Saud Arabystana umra üçin barýanlaryň ählisi üçin hökmany talap bolup durýar.

ORIENT News

Foto: dzen.ru

Şeýle hem okaň: