Iň täze habarlar

IFT 2025 "Türkmenistanyñ geljegine maýa goýumlar" atly hususy bölege maýa goýumlary çekmek boýunça halkara foruma hasaba alnyş açyldy

24.01.2025 | 17:30 |
 IFT 2025 "Türkmenistanyñ geljegine maýa goýumlar" atly hususy bölege maýa goýumlary çekmek boýunça halkara foruma hasaba alnyş açyldy

2025-nji ýylyñ 18-nji martynda Türkmenistanda "Türkmenistanyñ geljegine maýa goýumlar" atly hususy bölege maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum (IFT 2025) geçiriler. "TMT Consulting Group" kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyñ Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesi hem-de Söwda-senagat edarasy maslahatyñ guramaçylary hökmünde çykyş eder.

IFT 2025 Türkmenistanyñ hususy böleginiñ maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak hem-de döwlet we hususy bölekleriniñ arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýmak üçin möhüm meýdança bolup durýar. Forum ykdysadyýetiñ dürli pudaklaryny ösdürmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin tanymal maýadarlary, telekeçileri, maliýe edaralarynyñ we döwlet düzümleriniñ wekillerini ýygnar.

Foruma gatnaşyjylara senagat, ulag, oba hojalyk, maglumat tehnologiýalary we beýleki pudaklardaky ileri tutulýan taslamalar bilen tanyşmaga, hususy işewürligi goldamak boýunça çäreleri barada öwrenmäge, halkara we ýerli maýadarlar, maliýe institutlary we işewürligiñ wekilleri bilen gatnaşyklary ýola goýmaga, sebitde işewürligi alyp barmagyñ we maýa goýum etmegiñ iñ gowy dünýä tejribelerine bagyşlanan ekspert maslahatlaşmalaryna gatnaşmaga mümkinçilik berler. Çäräniñ çäklerinde Türkmenistanyñ işewürliginiñ wekilleri mümkin bolan maýadarlara we hyzmatdaşlara öz taslamalaryny hödürlärler.

Hasaba alnyş eýýäm başlady. Guramaçylar gyzyklanma bildirýän taraplary bu möhüm waka gatnaşmaga çagyrýarlar. Forumyñ resmi saýtynda www.ift.com.tm hasaba alnyp bolýar.

Habarlaşmak üçin:

Elektron poçtasy info.tmt.tm

+99312753648,

+99312753644

ORIENT News

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: