Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna iş sapary bilen bardy. Halk Maslahatynyň Başlygynyň uçary Londonyň halkara howa menzilinde gondy.
Bu sapar britan patyşa maşgalasynyň agzasy — Edinburg gersogy, Prins Edwardyň resmi çakylygy boýunça amala aşyrylýar. Saparyň esasy wakasy türkmen wekiliýetiniň 16–17-nji maýda geçiriljek abraýly Patyşalygyň Windzor halkara atly oýunlaryna gatnaşmagy bolar.
Bu abraýly dünýä gözden geçirişiniň çäklerinde ýewropaly we dünýä jemgyýetçiligini ahalteke bedewleriniň täsinligi hem-de türkmen atçylyk sungatynyň çuňňur däp-dessurlary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen ýörite milli sergi ýaýbaňlandyryldy.
Bu sapar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Halk Maslahatynyň Başlygynyň Windzordaky şeýle derejeli çärelere gatnaşmagy ahalteke bedewiniň dünýä gymmatlygy hökmündäki hökmündäki derejesini tassyklaýan medeni diplomatiýanyň aýdyň nusgasydyr hem-de türkmen-britan dostlukly gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açýar.
