Hytaýyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwda dolanyşygy rekord derejesine ýetdi
24.01.2025 | 15:30 |Hytaýyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen 2024-nji ýylyň jemleri boýunça umumy söwda dolanyşygy $94,82 milliard boldy, diýip Kazinform habar berýär.
Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirliginiň (BGM) öz hasabatlarynda beýan etdi.
Hytaýyň Merkezi Aziýadaky esasy söwda hyzmatdaşlarynyň sanawynda Gazagystan birinji ýerde durýar — 43,82 milliard dollar. Ikinji orny Gyrgyzystan eýeledi (22,71 milliard dollar), üçünji orunda Özbegistan (13,78 milliard dollar), dördünji orunda Türkmenistan (10,65 milliard dollar), bäşinji orunda bolsa Täjigistan (3,86 milliard dollar) ýerleşdi.
2023-nji ýylda Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygy 89,4 milliard dollara deň boldy.
Belläp geçsek, Hytaýyň beýleki ýurtlar bilen söwda möçberi 2024-nji ýylda 6,16 trillion dollara ýetdi. Hytaýyň söwda artykmaçlygy 1 trillion dollara golaý boldy.
ORIENT News