Iň täze habarlar

CNN işgärleriniň sanyny azaldýar: sanly tomaşaçylara tarap ädim

24.01.2025 | 13:05 |
 CNN işgärleriniň sanyny azaldýar: sanly tomaşaçylara tarap ädim

Amerikan telekompaniýasy CNN penşenbe güni ýüzlerçe işgäriň işden boşadyljakdygyny yglan etdi. Esasy sebäp – kompaniýanyň "ählumumy sanly tomaşaçylara" gönükdirilmegi üçin täzeden guramaçylyk geçirmegi. Bu barada CNBC teleýaýlymy habar berýär.

Häzirki wagtda CNN – Warner Bros. Discovery korporasiýasynyň düzümine girýän CNN Global bölümi bolup, gije-gündiz täzelik ýaýlymlarynyň öňbaşçysy hökmünde tanalýar. 2023-nji ýylda teleýaýlymyň 37 sany daşary ýurt edarasy bardy, dünýäniň 200-den gowrak ýurduna ýaýlym berip, takmynan 4000 žurnalistiň gatnaşmagynda iş alyp barýardy.

CNN teleýaýlym görnüşlerini täzeden gözden geçirmäge we sanly abuna hyzmatlaryny ösdürmäge aýratyn üns berýär. Häzirki wagtda kompaniýanyň dünýäde 3500 töweregi işgäri işleýär. Işgär sanyny azaldyp, CNN önümçilik çykdajylaryny peseltmegi we iş proseslerini gowulandyrmagy maksat edinýär.

Goşmaça maliýe serişdelerini tygşytlamak üçin CNN käbir gepleşikleriniň öndürilmegini Nýu-Ýork we Waşington şäherlerinden Atlanta (Jorjiýa ştaty) göçürmegi göz öňünde tutýar. Bu ädim kompaniýanyň serişdelerini has netijeli ulanmagyna ýardam bermek üçin niýetlenýär.

ORIENT News

Foto: iz.ru

Şeýle hem okaň: