Iň täze habarlar

Saud Arabystany Amerika milliard pul möçberi barada söz berýär

23.01.2025 | 18:45 |
 Saud Arabystany Amerika milliard pul möçberi barada söz berýär

Donald Tramp prezident hökmünde Saud Arabystanyñ mirasdüşer şazadasy bilen ilkinji telefon arkaly gepleşigini geçirdi. Bu ýurt amerikaly prezident tarapyndan sapar üçin hem ilkinji ýurt hökmünde saýlanmagy mümkin.

Saud Arabystanyñ mirasdüşer şazadasy Muhammed bin Salman Donald Trampyñ Ak tama gaýdyp gelip, ilkinji telefon arkaly gepleşigini geçiren ilkinji daşary ýurt lideri boldy.

Saudy habarlar agentligi "şazadanyñ ýakyn dört ýylda ABŞ bilen maýa goýumlary we söwdany 600 mlrd dollar möçberinde, belki-de has uly mukdarda giñeltmek isleýändigi" barada habar berýär.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniñ berýän maglumatlaryna görä, iki lider Ýakyn Gündogarda parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak üçin hyzmatdaşlyk ýollary barada hem maslahatlaşdylar.

ORIENT News

Foto: www.golosameriki.com

Şeýle hem okaň: