Iň täze habarlar

Türkmenistanda işewürligiň sanly transformasiýasy: EDI tehnologiýasynyň resminama dolanyşygyny aňsatlaşdyrýandygy barada

23.01.2025 | 17:40 |
 Türkmenistanda işewürligiň sanly transformasiýasy: EDI tehnologiýasynyň resminama dolanyşygyny aňsatlaşdyrýandygy barada

Şu gün, 23-nji ýanwarda “Arkaç” söwda-medeni dynç-alyş merkeziniň “Iş Nokady” maslahatlar zalynda “Elektron täjirçilik resminama dolanyşygy (EDI): Türkmenistanyň işewürligi we ugrukdyryjylary üçin täsirler” atly mowzuk bilen seminar geçirildi. Çäre 70-e golaý gatnaşyjyny, şol sanda işewürligiň wekillerini, şeýle hem žurnalistleri ýygnady. Çärä gatnaşmak mugt esasda amala aşyryldy.

1

EDI (maglumatlaryň elektron alyş-çalşygy) – kompaniýalara sanly görnüşde resminamalary we maglumatlary alyşmaga mümkinçilik berýän tehnologiýa bolup, ol sargyt, üpjün etmek we hasaba almak işlerini ep-esli derejede aňsatlaşdyrýar. Sanlylaşdyrma geçmegiň çalt ösýän şertlerinde şeýle ulgamlaryň ornaşdyrylmagy işewürligi netijeli alyp barmak üçin örän möhüm bolup durýar.

2

Seminarda belarus bilermenleri çykyş edip, olar EDI tehnologiýasyny işe ornaşdyrmak tejribeleri bilen paýlaşdylar. Çäräniň guramaçylary bolup “Belli Tilsimat” 1C Sertifisirlenen bilim merkezi, “Akylly Tilsimat” kompaniýasy hem-de Aşgabatda “SOFTKLUB” şahamçasy çykyş etdiler. “Belli Tilsimat” merkeziniň baş direktory Farruh Tagiýew duşuşygy gutlag sözi bilen açyp, sanly transformasiýa şertlerinde hyzmat ediş hilini ýokarlandyrmakda elektron resminama dolanyşygynyň wajyplygy barada belledi.

![3](https://orient.tm/storage/app/media/ru/2025/01/6.%20%D0%9F%D1%80%D0%B5%D0%B7%D0%B5%D0%BD%D1%82%D0%B0%D1%86%D0%B8%D1%8F%20%D1%8D%D0%BA%D1%81%D0%BF%D0%B5%D1%80%D1%82%D0%BE%D0%B2.jpg)

Seminarda harytlaryň identifikasiýasy hem-de söwda amallarynyň gatnaşyjylary üçin halkara standartlary ulanmak meselesine aýratyn üns berildi. Harytlaryň aýdyňlygy, olara gözegçilik etmek, kysymyny kesgitlemek, şeýle hem hasabat ulgamlaryň integrasiýasy (ERP) we EDI – bularyň ählisi hem-de olaryň maglumatlaryň elektron alyş-çalşygynyň ösüşine hem-de üpjün ediş zynjyrlaryň işini aňsatlaşdyrmaga ýetirýän täsirine üns bermek bilen ara alnyp maslahatlaşyldy.

4

Ýurduň ugrukdyryjylaryň işine EDI tehnologiýasynyň integrasiýasy hem seminaryň çäklerinde maslahatlaşdy. Şeýle tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy döwlet edaralarynyň işini gowulandyryp, sertifikasiýa işini çaltlaşdyrmaga hem-de işewürlik bilen özara gatnaşygy aňsatlaşdyrmaga ýardam berjekdigine garaşylýar.

Seminar öňdebaryjy bilimleri alyşmak hem-de Türkmenistanda sanly infrastrukturany ösdürmek boýunça bilelikdäki işi alyp barmak maksady bilen türkmen we belarus kärdeşleriň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda möhüm ädim boldy. Hem hususy, hem döwlet böleklerinde täjirçilik işini gowulandyrmak üçin EDI tehnologiýasyny ulanmak mümkinçilikleri bu seminaryň esasy pursady boldy.

ORIENT News

Foto: “Belli Tilsimat” 1C Sertifisirlenen bilim merkezi tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: