Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
22.01.2025 | 21:14 |Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak meselelerini ara alnyp maslahatlaşdy. Şeýle hem, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça okgunly we yzygiderli ösdürilýändigi nygtaldy.
Soňky wagtda syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň has-da işjeňleşendigi kanagatlanma bilen bellenildi, munuň özi ykdysady, söwda, ynsanperwer we beýleki ugurlarda, şol sanda suw bilen bagly meseleler boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin oňyn binýat bolup durýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow suw meselesine ünsi çekip, 2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Er-Riýadda “Bitewi suw” atly sammitiniň çäginde bolan duşuşygy ýada saldy. Bu çäräniň öz wagtynda geçirilmegi möhüm waka boldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şol Sammitdäki çykyşynda Merkezi Aziýada suw meselesiniň ähli toplumyna garalanda üç ugra: halkara hukugynyň kadalarynyň berjaý edilmegine; sebitiň ähli döwletleriniň bähbitleriniň özara hasaba alynmagyna; halkara guramalaryny, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasyny bu meselä gatnaşdyrmak ýörelgelerine eýerilmelidigini nygtandygyny ýatlatdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistan bilen Gazagystanyň ozalkysy ýaly, geljekde hem bu meselede berk we ylalaşylan çemeleşmä eýerjekdiklerine ynam bildirdi.
Söhbetdeşligiň barşynda ekologiýa meselesi ara alnyp maslahatlaşylanda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dostlukly döwletiň Baştutanyna Araly halas etmegiň Halkara Gaznasyna netijeli ýolbaşçylyk edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Geljek ýyllarda hem howa we ekologiýa gün tertibinde Gazagystanyň garaýyşlaryny Türkmenistanyň doly goldamagyny dowam etjekdigini belledi.
Gahryman Arkadag söhbetdeşligiň barşynda 14-nji ýanwarda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon söhbetdeşligini geçirendigini habar berdi.
– Bu örän netijeli we manyly söhbetdeşlik boldy. Onda biz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite kararnamasy bilen yglan edilen 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalga berdik – diýip, Halk Maslahatyň Başlygy aýtdy.
Söhbetdeşler türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtap, energetika, ulag-üstaşyr we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi barada pikir alyşdylar. Şu maksat bilen iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda tiz wagtda geňeşmeleri geçirmegiň möhümdigi nygtaldy.
Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew sebit hyzmatdaşlygy hem-de bäştaraplaýyn görnüşde geçiriljek çäreler bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berdiler.
ORIENT News