Aşgabadyñ asma ýolunyñ düýpli abatlaýyş işleri geçiriler
18.01.2025 | 08:55 |Türkmenistanyñ paýtagtynda asma ýolunyñ binalarynyñ we desgalarynyñ düýpli abatlaýyş işleri, şeýle hem ýanaşyk ýerlerinde abadanlaşdyryş işleri geçiriler.
Degişli Karara Türkmenistanyñ Prezidenti gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyñ Energetika ministrliginiñ "Türkmenenergogurluşyk" konsernine bu işleri geçirmek üçin "Röwşen" hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmak tabşyryldy.
Taslama 2025-nji ýylyñ ýanwarynda başlap, 2026-njy ýylyñ iýunynda tamamlanar. Durky täzelemek işleri Aşgabadyñ binagärlik keşbini gowulandyrmaga hem-de paýtagtyñ ýaşaýjylarynyñ we myhmanlarynyñ medeniýetli dynç alyşlary üçin amatly şertleriñ dötedilmegine gönükdirilendir.
ORIENT news