Türkmenistanda “Halkara gatnaşyklar adalgalarynyň gysgaça sözlügi” taýýarlanyldy.
Sözlügiň awtory Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň dil taýýarlyk bölüminiň mugallymy Bakygeldi Nuryýew bolup, ol “Ylym” neşirýaty tarapyndan çap edildi.
Sözlügiň maksady talyplar, hukukçylar hem-de döwlet dolandyryş edaralarynyň we ýerli öz-özüni dolandyryşyň ýerine ýetiriji edaralarynyň işgärleri, kärhana işgärleri tarapyndan umumy ykrar edilen halkara adalgalarynyň birmeňzeş we dogry ulanylyşyny üpjün etmekden ybarat.
Bu sözlük ýurdumyzda we daşary ýurtlarda neşir edilen ylmy we okuw kitaplaryndaky adalgalary öwrenmek üçin baý söz toplumyny öz içine alýar. Üç dilde, ýagny türkmen, iňlis we rus dillerinde düzülen bu sözlük hukuk, şeýle hem beýleki pudagyň hünärmenleri hem-de talyplar üçin peýdaly bolar. Sözlükde ulanylan her bir adalganyň bir jedelsiz manysy we anyk kesgitlemesi bar.
ORIENT news