Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrunda geçen oýunda «Ahaly» ýeňlişe sezewar etdi.

Balkanabat şäherinde geçirilen duşuşyk 3:1 hasabynda Arkadag şäheriniň adybir toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy.


«Arkadag» toparyna ýeňiş getiren gollary Şamämmet Hydyrow (14,29) bilen Şanazar Tirkişow (22).

«Ahalyň» düzüminde Yslam Annamyradow (75) tapawutlandy.

Şeýlelikde, 2023-nji ýylda döredilen «Arkadag» topary Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyna ilkinji gezek mynasyp boldy.
ORIENT news