Iň täze habarlar

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutyna hytaý dilindäki kitaplary gowşurdy

29.11.2024 | 10:39 |
 Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutyna hytaý dilindäki kitaplary gowşurdy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleriniň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna hytaý dilindäki kitaplaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu guramaçylykly geçirilen çäräniň baş maksady Türkmenistanda hytaý diliniň öwredilişine ýardam bermek bolup, berlen kitaplar institutyň talyplary üçin uly sowgat boldy.

Sowgat hökmünde gelip gowşan kitaplar täze neşirler bolup, olaryň esasy bölegini sözlükler, hytaý diliniň amaly sapaklary üçin niýetlenen ýörite gollanmalar düzýär. Şeýle-de, hytaý medeniýeti, taryhy, lukmançylygy, ýurduň döwlet syýasatyna bagyşlanan kitaplar hem bu gowşurylyş dabarasynda aýratyn orun aldy.

Köptaraplaýyn alnyp barylýan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň çäklerinde bilim ulgamynda şunuň ýaly çäreleriň geçirilmegi ýaşlarda hytaý dilini öwrenmäge bolan höwesi has hem artdyrýar. Bu bolsa dostlukly gatnaşyklaryň has hem berkemegine ýardam edýär.

ORIENT news

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: