Türkmenistanyň Prezidenti PYR-nyň ýolbaşçylaryna Kwetta şäherinde bolan pajygaly waka sebäpli gynanç bildirdi
10.11.2024 | 01:45 |Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife Kwetta şäherindäki demir ýol menzilinde bolup geçen köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren partlama zerarly gynanç hatyny iberdi.
"Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar" diýlip, hatda bellenilýär.
Döwlet Baştutany şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi diýip, TDH habar berýär.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň habaryna görä, 9-njy noýabr, şenbe güni irden Kwetta şäherindäki demir ýol menzilinde (Pakistanyň günorta-günbataryndaky Bulujystan welaýatynyň dolandyryş merkezi) güýçli partlama boldy. Bu waka iki otlynyň gidýän wagtynda petek satylýan kassanyň golaýynda bolup geçdi. Bu pajygaly wakada azyndan 27 adam aradan çykdy, elliden gowrak adam ýaralandy.
ORIENT