Iň täze habarlar

Türkmenistan we ABŞ howanyň üýtgemegine garşy göreşde hyzmatdaşlygy berkitmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar

08.11.2024 | 05:55 |
 Türkmenistan we ABŞ howanyň üýtgemegine garşy göreşde hyzmatdaşlygy berkitmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar

7-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Energetika serişdeleri boýunça kömekçisi Jeffri Paýettiň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi.

Diplomatlar, esasanam söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika ýaly möhüm ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-iň metbugat gullugy habar berdi.

Amerikan tarapy Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagyndan bäri Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi boýunça halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmekde gazanan üstünliklerine ýokary baha berdi. Jeffri Paýett Türkmenistanyň amerikan kompaniýalary “Tetrotech” we “Deloitte” bilen howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly taslamalary durmuşa geçirmekde üstünlikli hyzmatdaşlygyny belläp geçdi.

Şeýle hem taraplar 11-22-nji noýabr aralygynda Bakuda geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň 29-njy maslahaty (COP 29) bilen bagly meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy has hem berkitmek barada ylalaşdylar.

ORIENT

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: