Daşkentiň Akademiki Uly teatrynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi
07.11.2024 | 13:50 |6-njy noýabrda Daşkendiň Alişer Nowaýy adyndaky Döwlet akademiki Uly teatrynda Gündogaryň Beýik akyldary we türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik agşamy geçirildi.
Döredijilik agşamyna Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministri Ozodbek Nazarbekow, Türkmenistanyň ilçisi Şadurdy Meredow, Özbegistan Ýazyjylar birleşiginiň başlygy Sirojiddin Saidow, Respublikan Türkmen medeniýet merkeziniň başlygy Güldäne Öwezdurdýewa, Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Kinematografiýa agentliginiň direktory Şuhrat Rizaýew, Daşary işler ministrliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, türkmen diasporasynyň wekilleri, ýazyjylar, şahyrlar, görnükli döredijilik işgärleri, şeýle hem Özbegistanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplary gatnaşdy.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden bellemek hakynda Kararyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde guralan döredijilik agşamynda çykyş edenler Magtymgulynyň eseriniň diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem dünýäniň ähli halklary üçinem möhümdir seýle hem bu görnüşdäki çäreler Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda medeni hyzmatdaşlygyň giňelmeginiň aýdyň mysaly bolup durýar.
Soňra, Alişer Nowaýy adyndaky Döwlet akademiki Uly teatrynyň sahnasynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ölmez-ýitmez şygyrlaryna döredilen aýdym-sazly çykyşlar we döredijilik kompozisiýalary ýerine ýetirildi. Özbek we türkmen talyplary şahyryň dostlugy we doganlygy wasp edýän eserlerini ýerine ýetirdiler. Sahnada Magtymgulynyň eserleri esasynda goýulan sýužetler Horezm welaýatynyň Sazly drama teatrynyň sungat işgärleri tarapyndan ýerine ýetirdi.
Şeýle hem şol gün Daşkendiň Magtymguly köçesinde ýerleşýän türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň ýadygärliginde gül goýmak dabarasy geçirildi diýip Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan habar berildi.
Häzirki wagtda Özbegistanyň şäherlerindäki onlarça köçeler we şaýollar Magtymgulynyň adyny göterýär. Şeýle hem, Hywada bu beýik şahsyýetiň hormatyna bagyşlanan ýadygärlik toplumy bar.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden bellemek hakynda Kararyna laýyklykda, ýurtda her gün diýen ýaly edebi agşamlar, bäsleşikler, ylmy amaly maslahatlar we seminarlar geçirilýär. Özbegistanyň teatrlarynda şahyryň eserlerine pýessalary goýýarlar. Özbegistanyň Ýazyjylar birleşigi “Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleri” kitabyny we ömrüne we döredijiligine bagyşlanan ylmy makalalar ýygyndysyny neşir etdi.
“Magtymguly Pyragy” çeper filmi özbek we türkmen kinemotografiýaçylarynyň hyzmatdaşlygynda döredildi. Bu filmiň premýerasy geljek hepde, 13-15-nji noýabr aralygynda, Aşgabatda geçiriljek Türki dünýäsiniň IV halkara film festiwalynyň çäginde geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada döredijilik agşamynda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministri Ozodbek Nazarbekow habar berdi.
Şeýle hem 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli "Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady" atly halkara forumyň geçirilendigi bellendi. Onuň çäginde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýubileý medaly bilen sylaglandy.
ORIENT